Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / 30 ÝYLLYK... BU TARYHY PURSATDA, KÖP ASYRLYK MENZIL AŞDYK, ÝOL AŞDYK
    30 ÝYLLYK... BU TARYHY PURSATDA, KÖP ASYRLYK MENZIL AŞDYK, ÝOL AŞDYK surady
    30/11/-0001

    623

    30 ÝYLLYK... BU TARYHY PURSATDA, KÖP ASYRLYK MENZIL AŞDYK, ÝOL AŞDYK

    «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
    çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
    Garaşsyzlyk güni – bu sene eýýäm çärýek asyrdan gowrak wagt bäri türkmen halkynyň durmuşynda ykbal özgerdiji sene bolup gelmeginde galýar. Çünki, Garaşsyzlyk döretmäge – kuwwat, gurmaga – güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga ylham berýän gymmatlykdyr. Islendik ýurduň ähli ugurlardan kuwwatly bolmagy üçin ilkinji nobatda şol döwletiň Garaşsyz bolmagy zerurdyr. Bu hakykaty hormatly Prezidentimiziň sözleri bilen aýdanymyzda: “Garaşsyzlyk bahasyna ýetip bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdümi binýadydyr. Bu beýik hem-de çuň manyly sözde ata-babalarymyzyň erkin, özygtyýarly, abadan hem-de bagtyýar ýaşamak baradaky iň süýji arzuw maksatlary, eziz Diýarymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de beýik geljegi jemlenendir”
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň eşretli durmuşyň hözürini görüp ýaşamagy, erkinligiň goýnunda boý alýan körpeleriň gülki sesleriniň ýaňlanyp durmagy, Diýarymyzda asudalygyň we parahatçylygyň höküm sürmegi, ýaşyl Tugumyzyň erkin guş deý al asmanda buýsançly pasyrdamagy – bularyň ählisi Watanymyzyň Garaşsyz döwlet bolmagy bilen baglydyr. Şonuň üçin hem bu şanly sene indi 30 ýyl bäri türkmen halkynda uly dabara bilen baýram edilip bellenilýär. Bagtyýarlygyň we berkararlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýulýan bu şanly sene mynasybetli Watanymyzyň mermer paýtagtynda, welaýatlarymyzda häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni maksatly täze binalaryň, zamananyň joşgunyny alamatlandyrýan täsin seýilgähleriň açylyp ulanylmaga berilmegi, aýdym-sazly dabaralaryň giňden ýaýbaňlandyrylmagy bu senäniň ähmiýetini has-da artdyrýar.
    Garaşsyzlyk diýlende ilkinji nobatda bu gysga wagtda raýatlaryň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen bähbitli işler seriňe dolýar. Bu döwürde halkyň bähbidini araýan tutumly işleri amal edýän hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa ornaşdyrylan özgertmeler halkymyzyň hal ýagdaýynyň barha gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. Şoňa göräde ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, oba hojalygy, sport syýahatçylyk babatda Watanymyzyň gazanan üstünlikleri Garaşsyz döwletimiziň dünýä ýüzündäki abraýynyň artmagyna itergi berýär. Bu aýdylanlary hormatly Prezidentimiziň: “Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky syýasy we ykdysady galkynyşlary, medeni we durmuş özgertmeleri halkymyzyň maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryny baýlaşdyrdy, döwletimiziň kuwwatyny artdyryp, berkararlygyny has-da pugtalandyrdy” diýýän sözleri hem doly tassyklaýar.
    Parahatçylygy, dost-doganlygy, jebisligi özüne baky şygar edinen Watanymyzyň ýaşlary hem özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden amatly peýdalanyp döwrümiziň görkanalygyna, milletimiziň bagtyýarlygyna guwanyp ruhubelent ýaşaýarlar. Elbetde munuň esasy sebäbi hem ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaşlara döredilip berilýän mümkinçilikler bolup durýar. Hawa, hakykatdan hem häzirki döwürde türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge giň ýollar açyldy. Orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň sany günsaýyn artdyrylýar. Bilim ulgamynyň esasy ugurlarynyň biri bolan halkara hyzmatdaşlagynyň netijesinde bu günki günde türkmen ýaşlary dünýäniň islendik ýurdunda okap bilýär, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýär. Şunlukda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň üstünlige beslenen ýollary 30 ýylyň dowamynda, iň esasy bolsa hormatly Prezidentimiziň döwlet başyna gelmegi bilen täze belentliklere ýetdi. Biz munuň üçin il-güniň Arkadagy ýaşlaryň Howandary Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Goý, türkmen halkyny Garaşsyz döwletde erkin, agzybir, bolelin ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.

    Süleýman KOWUSOW,
    Magtymguly adyndaky TDU-nyň Žurnalistika
    hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI