Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
        • PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
        • SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / International days / 3-nji dekabr – Halkara maýyplar güni
    3-nji dekabr – Halkara maýyplar güni surady
    03/12/2023

    1119

    3-nji dekabr – Halkara maýyplar güni

    Halkara günler we hepdeler global meseleler babatynda halkara jemgyýetçiliginiň bilimini artdyrmak, ol meseleleriň çözgütlerini gözlemek üçin bellenilip geçilýär.
    Her ýylyň 3-nji dekabrynda bellenilip geçilýän Halkara maýyplar güni hem şeýle günleriň biri bolup durýar. Bu gün 1992-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edildi. Halkara Maýyplar güni maýyplaryň integrasiýasy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri çözmek üçin jemgyýetçilik goldawyny jemleýär. Bu senä halkara çäreleriň senenamasyndan orun berilmeginiň esasy sebäbi jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda maýyplaryň hukuklaryny öňe sürmek, köpçüligiň ünsüni olaryň meselesine çekmek bilen baglydyr. Bu günde BMG-niň guramalary, raýat jemgyýeti guramalary, bilim edaralary we hususy sektora maýyplaryň bähbitlerine wekilçilik edýän guramalar bilen dürli çäreleri guramak arkaly Halkara Maýyplar gününi goldaýarlar. Statistiki maglumatlara görä, häzirki wagtda maýyplaryň 1 milliard ilatynyň 80 göterime golaýy ösýän döwletlerde ýaşaýar. Her 10 çaganyň biri maýyp çaga bolup durýar. Çak edilişine görä, 60 we ondan uly ýaşly adamlaryň 46 göterimi maýyp adamlardan ybarat bolup durýar. Maýyplaryň köpüsi has ir aradan çykýarlar, saglyk ýagdaýlaryna köp halatlarda howp abanýar we gündelik işlemekde beýleki ilat bilen deňeşdirilende has köp çäklendirmeleri başdan geçirýär. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň bellemeklerine görä “saglyk deňsizligi” diýip atlandyrýar.
    Häzirki wagtda maýyplar üçin ýörite mekdepleriň döredilmegi, olaryň arasynda sport ýaryşlarydyr dürli maksatly çäreleriň geçirilmegi olaryň bu saglyk krizisi döwründäki psihologik kynçylyklary ýeňip geçmegine gönükdirilendir. Bilşimiz ýaly, maýyplar bilen iş salyşýan guramalar Halkara maýyplar güni mynasybetli, dünýä jemgyýetçiligini maýyplaryň saglyk kynçylyklaryny ýeňip geçmegiň ýollaryny gözlemäge işjeň gatnaşmaga çagyrýar.
    Türkmen halkynda hem gadymdan bäri mätäje ýardam bermek, kynçylyk çekýäne kömek etmek haýyr-sahawatly işleriň biri hasaplanylýar. Bu barada beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragy «Delalat ýagşy» atly şygrynda «Entäni goldara hemaýat ýagşy» diýip, örän jaýdar belläp geçýär.
    Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösen döwlete öwürmek, her bir adamyň bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş neslimiz hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy maksady bolup durýar. Biziň ýurdumyzda hem maýyp raýatlarymyza ýardam bermek bilen baglylykda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Olar döwletimiz tarapyndan ýörite aýlyk haky bilen üpjün edilýär. 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy ene-atanyň howandarlygyndan galan hem-de aýratyn goldawa mätäç bolan ýaş raýatlara goldaw bermek babatda netijeli işleri alyp barýar. Bu gazna tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara ýurdumyzyň dürli künjegindäki hassahanalarda bejergi almak, zerur operasiýalary geçirmek üçin yzygiderli pul serişdeleri bölünip berilýär. Gaznanyň maksatlardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin gazna tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri saglygy goraýyş merkezlerinde howandarlyga mätäç, näsag çagalara onlarça operasiýa geçirildi, häzirki döwürde bejergi alan çagalara lukmançylyk gözegçiligi ýola goýuldy.
    Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti hem maýyp raýatlara ýardam bermek babatda zerur işleri alyp barýar.
    Türkmen halkynyň bagtyýar, parahat, bolelin durmuşda ýaşamagy taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

    Baky MÄMMEDOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

    Latest News

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY! surady

    01/06/2025

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni surady

    31/05/2025

    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN  TURKMENISTAN surady

    30/05/2025

    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI