Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / 1-nji noýabr – milli manadyň döredilen güni
    1-nji noýabr – milli manadyň döredilen güni surady
    01/11/2023

    1160

    1-nji noýabr – milli manadyň döredilen güni

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Baky Bitarap Watanymyz Türkmenistan ak bagtyň aýdyň ýollarynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz Arkdagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň bagtly, rahat we bolelin durmuşda ýaşamaklygy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Elbetde, her bir halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamaklygy üçin döwletiň durnukly ösýän ykdysadyýetiniň, ösen bank ulgamynyň bolmaklygynyň zerurlygy bolsa ikuçsyzdyr. Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek maksady bilen «Açyk gapylar» syýasaty yglan edildi. Bu syýasat daşary ýurt maýadarlaryna, harytlaryna ýol açmaga, daşary ýurt maýadarlaryny bilelikdäki kärhanalary gurmak işine çekmek arkaly milli ykdysadyýetimize häzirki zaman tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmaga we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmäge ýardam etdi. «Açyk gapylar» syýasatynyň yglan edilmegi bilen, «Türkmenistanda daşary ýurt inwestisiýalary hakyndaky» (1992 ý.) kanunlar we «Daşary ýurt inwestisiýalaryny we maýa goýumlaryny goramagyň kepilnamalary hakyndaky» (1993 ý.) karar kabul edildi.
    Her bir güni toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak wakalara beslenýän «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda milli pul birligimiz bolan türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmegine hem 30 ýyl dolýar. Islendik döwletiň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşi üçin milli bank ulgamynyň kämil bolmagy, milli pul birliginiň hümmetiniň ýokary bomagy zerur bolup durýar. 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmegi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň taryhynda möhüm waka boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty bilen 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda türkmen manadynyň denominasiýasy, ýagny onuň hümmetiniň üýtgedilmegi geçirildi. Netijede milli pul birligimiziň hümmeti güýçlendi, töleg dolanyşygy ýeňilleşdi. Şu gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň ykdysady we maliýe-bank ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, milli manadyň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly netijeler gazanyldy. Häzirki wagtda ýurdumyz diňe bir goňşy döwletler bilen däl, eýsem dünýäniň ençeme döwletleri bilen netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar. Mysal hökmünde seretsek, ýaňy-ýakynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi iş saparynyň netijeleri boýunça birnäçe resminalara, şol sanda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň arasynda Türkmenistan – Türkiýe söwda we senagat edarasynyň forumyny döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Türkiýe Respublikasynyň Kiçi we orta kärhanalary ösdürmek we goldaw bermek baradaky guramasynyň arasynda Hereketleriň meýilnamasyna gol çekildi. 2023-nji ýylyň dokuz aýynyň netijeleri boýunça iki döwletiň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 2,1 milliard amerikan dollaryna golaýlamagy hem iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşine Halkara Pul Gaznasy, Bütindünýä banky ýaly birnäçe halkara guramalary tarpyndan hem ýokary baha berilýär.
    Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin edýän taýsyz tagallalaryndan ugur alyp, häzirki wagtda milli pul birligimiz – manat elektron görnüşinde hem giňden ulanylýar. Watandaşlarymyzyň «Altyn Asyr», «Millikart», «Maşgala», «Goýum bank karty», şeýle-de «VISA», «MasterCard» ýaly bank kartlaryndan giňden peýdalanmagy hem sanly ykdysadyýetiň ösmegine, pul dolanyşygynyň yzygiderli ýokarlanmagyna uly goşant goşýar.
    Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, ukyp-başarnyklarymyzy açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

    Döwran ÝOWBAGŞYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI