Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / 1-nji IÝUN – ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI
    1-nji IÝUN – ÇAGALARY GORAMAGYŇ  HALKARA GÜNI surady
    31/05/2024

    944

    1-nji IÝUN – ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym-bilime, ýaşlaryň hünärlerine aýratyn üns berilýär. Esasan hem, ýaşlaryň öz saýlap alan hünärlerine oňat düşünýän, ylymly, bilimli bolup ýetişmekleri möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde bu ugurdan möhüm işler alnyp barylýar, ýaşlar hünäre ugrukdyrylýar we olaryň ylymly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Garaşsyzlyga eýe bolan ilkinji günlerinden bäri Türkmenistan ýaş raýatlar üçin durmuşda oňaýly şertleri üpjün etmek baradaky meselelere has jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.
    1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilen Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde Adam hukuklary babatdaky halkara borçnamalary hakyndaky Jarnama eýermek bilen, Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilýän tagallalara hem öz mynasyp goşandyny goşup, çagalaryň hukuklary baradaky esasy halkara namalary ykrar etdi we olara goşuldy. Olaryň hatarynda Çagalaryň diri galmagyny, goralmagyny we ösüşini üpjün etmek hakyndaky Bütindünýä Jarnamasyny, Çagalaryň halkara ogurlanmagynyň raýat jähtleri boýunça Gaaga Konwensiýasyny, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Çagalaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyny we başga-da birnäçe hukuk namalary görkezmek bolar.
    Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1994-nji ýylda BMG tarapyndan 1989-njy ýylda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa goşuldy hem-de ösüp gelýän nesil üçin has amatly durmuş şertleriniň üpjün edilmeginde öz ýokary jogapkärçiligini tassyklady. Şol günden bäri ÝUNISEF saglygy goraýyş, bilim, durmuş goraglylygy we çagalary goramak hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ulgamda çagalaryň durmuşynda oňyn özgertmelere ýetmek ugrunda Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Bu halkara Konwensiýa gol çeken ýurtlaryň ählisini durmuş we ykdysady hukuklara dahylly ylalaşylan borçnamalary ýerine ýetirmäge borçly edýär.
    Çaganyň hukuklary ulgamynda gün tertibini ilerletmek üçin Türkmenistanda ähli mümkinçilikler bar. 2017-nji ýyldan bäri Türkmenistan ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň düzümine girýär. 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny kabul etdi. ÝUNISEF tarapyndan kabul edilen iki maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmagyny goldandygy buýsandyryjydyr, bu maksatnamalar çaganyň irki ösüşi babatynda ähli hyzmatdaşlaryň ornuny kesgitleýär. Olar Gahryman Arkadagymyzyň 2019-njy ýylyň ahyrynda kabul eden «Çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasydyr» hem-de «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasydyr». Şu maksatlardan ugur alyp, bagtly çagalygyň ýurdy we arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesi bolan Garaşsyz Watanymyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen belent şygarymyzyň astynda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglarydyr orta mekdepler yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Häzirki wagtda Arkadag şäherinde, gözel paýtagtymyz Aşgabatda hem-de welaýatlarda çagalar üçin niýetlenilen dürli maksatly binalaryň, ýagny döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport mekdepleriniň, dynç alyş merkezleriniň, medeniýet öýleriniň, hassahanalaryň toplumy emele geldi. Ýurdumyz umumymilli we halkara möçberinde çagalar we ýetginjekler toparlarynyň gatnaşmagynda dürli derejedäki halkara döredijilik bäsleşikleriň we festiwallaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Gökderede hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlan çagalar sagaldyş merkezlerinde we beýleki ençeme desgalarda ýurdumyzyň we dünýäniň çar künjünden gelýän çagalaryň dynç almaklary üçin has oňaýly şertler döredilendir.
    Garaşsyz Türkmenistanyň Esasy Kanunyna laýyklykda, hakyky demokratik jemgyýete mahsus bolan çaga hukuklary Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Bilim hakynda», «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda» we Türkmenistanyň beýleki kanunlarynda öz beýanyny tapdy.
    Çaganyň bähbitlerini goramakda Türkmenistanyň döwlet syýasaty çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini kanun taýdan üpjün etmegi, şeýlelikde, çagalaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň kemsidilmegine ýol berilmezligini, hukuklar bozulan halatynda olary dikeltmegi, çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek boýunça hem-de eneligi we çagalygy goldamak babatda döwletiň ýörite maksatnamalaryny işläp düzmegi we durmuşa geçirmegi, çagalaryň durmuş derejesine döwlet jemgyýetçilik ölçegleriniň bellenilmegini, çagany beden, akyl-paýhas, ruhy we ahlak taýdan terbiýelemäge we ösdürmäge ýardam etmegi, çagalaryň bähbitleri üçin işleri amala aşyrýan jemgyýetçilik we beýleki guramalary goldamagy we olar bilen hyzmatdaşlygy, şeýle hem Türkmenistanyň çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerni goramak meseleleri boýunça halkara borçlaryny ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýar.

    Altyn BABYŞOWA,
    Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.

    Çeşme: “Ýaş diplomatyň sesi” internet gazeti – 31.05.2024 ý. // https://iirmfa.edu.tm/tm/gazet/yas-diplomatyn-sesi-internet-gazeti-yorite-san-16-99_7271

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI