121
Žurnalistler üçin okuw sapagy geçirildi
2025-nji ýylyň 21 – 23-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki «Carbon» okuw merkezinde «Kontent döredijiler üçin media sowatlylygyny ýokarlandyrmak we emeli aňy döredijilik işine ornaşdyrmak» atly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagy Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda alnyp barlyp, oňa ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdeplerinden professor-mugallymlar, talyplar we žurnalistler gatnaşdylar.
Sapagy Gazagystandan gelen bilermenler, ýagny mobil žurnalistikasynyň hünärmeni Marat Sadykow, media sowatlylyk we storitelling boýunça ekspert Anna Suhaçewa hem-de onlaýn aragatnaşyk babatyndaky bilermen Aýjan Kalimbetowa alyp bardylar.
Okuw sapagynyň dowamynda tankydy pikirlenmeler, maglumatlary barlamaklyk barada (faktçeking) we emeli aňy ýerlikli peýdalanmak boýunça ýörite sapaklar göz öňünde tutuldy.
Şeýle okuw sapaklaryň geçirilmegi hünärmenleriň bilimlerini artdyrmaga goldaw bermek, olaryň döwrebap tehnologiýalardan peýdalanyp, ynamly we ähmiýetli maglumatlary taýýarlamak başarnygyny kämilleşdirmek maksadyny göz öňünde tutýar.
Ogulnar ORAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň V ýyl talyby.
Soňky täzelikler
