30/11/-0001
1603
“Zorlukly ekstremizmiň öňüni almakda ýaşlary çekmek” atly seminar
2021-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde Ýewropa Bileleşiginiň gurnamagynda “Zorlukly ekstremizmiň öňüni almakda ýaşlary çekmek” atly seminar geçirildi. “Aziýadaky zorlukly ekstremizme garşy durnuklylygy güýçlendirmek” taslamasynyň esasynda geçirilen bu seminara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutytynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary, Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak boýunça Aşgabat geňeşiniň agzalary we taslamanyň milli tälimçileri gatnaşdylar.
Bu seminarda çykyş edenler zorlukly ekstremizme, radikallaşma garşy ýaşlaryň orny barada tasirli çykyşlar diňlenildi. Şeýle-de, seminaryň sonuňda talyp ýaşlary gyzyklandyrýan sowallaryň hem-de teklipleriň üstünde durlup geçildi.
Arslan SYÝAHATOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler
26/12/2025
Düzme ýazmak bäsleşiginiň jemleri jemlendi
25/12/2025
Sagdyn-durmuş ýörelgelerini ündeýän bäsleşik