Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / ÝYLYŇ GÖRELDELI WAGYZÇYSY
    ÝYLYŇ GÖRELDELI WAGYZÇYSY surady
    30/11/-0001

    666

    ÝYLYŇ GÖRELDELI WAGYZÇYSY

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda kabul edilýän taryhy çözgütler, berk binýat goýulýan beýik tutumlar, amala aşyrylýan beýik işler ýurdumyzyň her bir raýatyny biparh goýmaýar. Halkyň bähbidine gönükdirilýän işlere ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynyň wekilleri hem mynasyp goşant goşýarlar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi tarapyndan yglan edilen “Ýylyň göreldeli wagyzçysy” bäsleşiginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý., uly mugallym Perhat Çaryýewiň ýeňiji bolmagyny görkezip bileris.
    “Ýylyň göreldeli wagyzçysy” bäsleşigi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adalatly, ynsanperwer, hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatyny, amala aşyrylýan beýik işlerini wagyz-nesihat etmek, jemgyýetçiligi arassa, halal zähmete ruhlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşýan raýatlarymyzy bu ugurdaky işlerde has-da höweslendirmek we olaryň içinden iň göreldelisini saýlamak maksady bilen yglan edilen we ýylyň dowamynda ýokary zähmet üstünliklerini görkezen, döwlet syýasatyny dabaralandyrmaga mynasyp goşant goşan raýatlarymyzyň arasyndan iň mynasybyny saýlamak arkaly geçirilýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi tarapyndan her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşigiň geçirilmegi partiýanyň işgärleriniň, agzalarynyň, partiýa guramaçylarynyň we wagyzçylarynyň ýylyň tutuş dowamynda alyp baran işlerine ýokary baha bermäge uly ýardam edýär.
    “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň hem “Ýylyň göreldeli wagyzçysy” diýen adyna mynasyp bolan uly mugallym Perhat Çaryýew hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzda gazanylýan zähmet üstünliklerini diňe bir talyplaryň arasynda däl-de, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly halkymyza hem yzygiderli ýetirýän ýaş wagyzçylaryň arasynda öňdäki orunlary eýeleýär. Perhat Çaryýewiň “Ýylyň göreldeli wagyzçysy” diýen adyna mynasyp bolmagy hormatly Prezidentimiziň saýasynda ujypsyzja çekilýän zähmete uly baha berilýändiginiň nyşanydyr.
    Biz hem “Ýylyň göreldeli wagyzçysy” diýen adyna mynasyp bolan mugallymymyza “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda hem Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň halkyň bähbidine gönükdirilen içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekdäki alyp barýan işlerinde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

    Sona HALYKOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

    Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:

    https://turkmenportal.com/tm/blog/56794

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI