Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: 2-nji möwsümiň ýeňijileri mälim boldy
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: 2-nji möwsümiň ýeňijileri mälim boldy
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: 2-nji möwsümiň ýeňijileri mälim boldy
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: 2-nji möwsümiň ýeňijileri mälim boldy
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: 2-nji möwsümiň ýeňijileri mälim boldy
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: 2-nji möwsümiň ýeňijileri mälim boldy
    15/05/2023

    1918

    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: 2-nji möwsümiň ýeňijileri mälim boldy

    2023-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň alyp barmagynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň 2022-2023-nji okuw ýylyndaky II möwsüminiň final oýny geçirildi. «Dialog — parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» atly umumy şygar astynda geçirilýän möwsümiň final oýnunyň temasy «Parahatlyk daragty — nesiller dowamaty» diýlip atlandyryldy.

    Akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň final oýnuna Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Mekan Agahanow, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Anwar Bekmedow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynyň 11-nji synp okuwçysy Yhlas Hallyýew, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 10-nji synp okuwçysy Güljan Serdarowa we şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Dawut Gezerow, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýgül Sähedowa, Aşgabat şäheriniň 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Döwletmyrat Arazow, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Azat Amansähedow dagy gatnaşdylar.

    Akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň final oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory, Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasynyň «Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty» ugry boýunça sylagyň eýesi Ýazgylyç Orazgylyjow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Berdinyýazow dagy adalatly eminlik etdiler.

    Final oýny tamamlanandan soňra institutymyzyň mejlisler zalynda ýeňijileri sylaglamak mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabaranyň dowamynda bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de beýleki hemaýatkärleriň taýýarlan gymmatbahaly sowgatlary, institutymyzyň degişli şahadatnamalary we Hormat hatlary hem-de medallary bilen sylaglandylar. Baş baýraga mynasyp bolan ýaş çapara bäsleşigiň Göçme kubogy gowşuryldy.


    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýnunyň netijeleri:

    3-nji orna Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Mekan Agahanow, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 10-nji synp okuwçysy Güljan Serdarowa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Anwar Bekmedow, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Azat Amansähedow;


    2-nji orna Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Dawut Gezerow, Aşgabat şäheriniň 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Döwletmyrat Arazow;


    1-nji orna
    Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýgül Sähedowa;


    Baş baýraga hem-de Göçme kuboga Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynyň 11-nji synp okuwçysy Yhlas Hallyýew mynasyp boldy.

    Ýeňijileri sylaglamak dabarasy jemlenenden soňra geçirilen bäsleşigiň dessury boýunça ýeňiji bolan ýaş çaparlar parahatçylygyň nyşany hasaplanylýan ak kepderileri institutyň baş binasynyň öňünde asuda asmana uçurdylar.

    Akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Ýedi dogan» hususy kärhanasy, «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti hem-de «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti hemaýatkärlik etdiler. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň final oýny «Miras» teleýaýlymy bilen institutyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Bäsleşigiň final oýny ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşaçylara ýetiriler.


    Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.


    Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:

    https://ashgabat.in/2023/05/16/akyl-payhas-baslesiginin-yenijileri-belli-boldy/


    https://salamnews.tm/section/ylym-bilim/bilim/parahatcylygyn-yas-caparlary-baslesiginin-yenijileri-malim-edildi-19bf8b


    https://turkmenportal.com/tm/blog/61956


    https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/72338/parahatcylygyn-yas-caparlary-ikinji-mowsumin-netijeleri


    https://turkmenportal.com/tm/photoreport/fotoreportazh

    Soňky täzelikler

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    “ZENANLAR, PARAHATÇYLYK WE HOWPSUZLYK” ATLY SEBITLEÝIN MASLAHAT surady

    31/05/2025

    “ZENANLAR, PARAHATÇYLYK WE HOWPSUZLYK” ATLY SEBITLEÝIN MASLAHAT
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI