Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • TÜRKMEN-FRANSUZ GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMÄGE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • BEÝIK BRITANIÝALY DIPLOMAT BILEN DUŞUŞYK
        • AWSTRIÝANYŇ ÝEWROPA WE HOWPSUZLYK SYÝASATY INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ VI SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «HÜNÄRI BOÝUNÇA RUS DILI» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
    ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «HÜNÄRI BOÝUNÇA RUS DILI» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI surady
    25/03/2026

    45

    ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «HÜNÄRI BOÝUNÇA RUS DILI» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary ýurtlar bilen ykdysady, syýasy we medeni hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegi, ylym-bilim ulgamlarynda alyş-çalyş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy, halkara gatnaşyklarynyň çuňlaşmagy ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy döwrebaplaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek üçin zerur şertler döredildi we bu ugra aýratyn üns berilýär.
    Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Hünäri boýunça rus dili» atly täze okuw kitaby (awtory: T. Babaýewa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) neşir edildi. «Hünäri boýunça rus dili» okuw kitaby («Halkara ykdysady gatnaşyklary» hünäri boýunça talyplar üçin) degişli okuw maksatnamasynyň esasynda taýýarlanyp, dile ýöriteleşdirilmedik ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenendir. Okuw kitaby 136 sagatlyk okuw maksatnamasyna laýyklykda düzülip, talyplarda dürli ugurlarda işewürlik gatnaşyklarynda we ýazuw hat alyşmalarynda ulanylýan endikleriň we başarnyklaryň ösdürilmegine tarap gönükdirilendir.
    Okuw kitabynyň esasy maksady häzirki zaman işewür diliniň leksikasyny we grammatikasyny özleşdirmek üçin zerur bolan bilimleri bermekden ybaratdyr. Şeýle hem ol talyplara işewürlik gepleşiginiň aýratynlyklary, gepleşikleriň dürli görnüşleri, resminamalary taýýarlamak, şertnamalary baglaşmak, işewür duşuşyklary geçirmek, prezentasiýa etmek we gepleşikleri alyp barmagyň usullary barada düşünje berýär. Okuw kitabynda özbaşdak işlemek üçin ýörite tekstler we degişli ýumuşlar hem ýerleşdirilendir.

    Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
    Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi

    Çeşme: https://education.gov.tm/news-details/6305

    Soňky täzelikler

    ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI surady

    25/03/2026

    ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
    MEÝLETINÇILER ÜÇIN ONLAÝN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI surady

    25/03/2026

    MEÝLETINÇILER ÜÇIN ONLAÝN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    Ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy ýokary ruhubelentlikde geçirildi surady

    21/03/2026

    Ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy ýokary ruhubelentlikde geçirildi
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI