12/07/2025
57
“Ylmy hyzmatdaşlyk we maglumat tehnologiýasy” atly tegelek stol maslahaty geçirildi
2025-nji ýylyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Ylmy hyzmatdaşlyk we maglumat tehnologiýasy” atly tegelek stol maslahaty geçirildi. Bu maslahata institutymyzyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Ýurdumyzda ylmyň we innowasion işleriň netijeliligini artdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, halkara ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk işjeň ýagdaýda kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň dowamynda mugallymlar häzirki döwürde ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, täze tehnologiýalara we innowasiýalara daýanmak arkaly, ýurtdaky ylmy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada gürrüň berdiler.
Sähra ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.