09/06/2023
2161
Ykdysadyýet dersinde ulanylýan adalgalar boýunça okuw sapagy
2023-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ,, Ykdysadyýet dersinde ulanylýan adalgalar’’ boýunça okuw sapagy geçirildi.
Sapagyň dowamynda häzirki döwürde ykdysadyýetde hem-de ykdysadyýet dersinde ulanylýan adalgalaryň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi. Okuw sapagyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary we mugallymlary işjeň gatnaşdylar. Talyplar üçin okuw sapagy örän täsirli boldy. Täze-täze maglumatlara baý bolan sapagyň dowamynda talyp ýaşlar mugallyma özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler.
Sylap KULLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
26/12/2025
Düzme ýazmak bäsleşiginiň jemleri jemlendi
25/12/2025
Sagdyn-durmuş ýörelgelerini ündeýän bäsleşik