02/01/2024
1164
Ykdysady diplomatiýa ugry boýunça okuw sapagy
2024-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň “Ykdysady diplomatiýa” ugrundan “Ykdysadyýetiň globallaşmagy: mümkinçilikleri we meseleleri” atly temadan nobatdaky okuw sapagy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary gatnaşdy.
Okuw sapagyny institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Gyzylgül Gurbanmuhamedowa alyp bardy.
Sapakda ykdysadyýetiň globallaşmagynyň häzirki döwürde halkara gatnaşyklaryny üpjün etmekdäki orny, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugry hökmünde globallaşma hakynda giňişleýin gürrüň berildi. Mugallymyň düşündirmegine görä, globallaşma meselesi halkara syýasatynda ileri tutulýan möhüm meseleleriň biridir.
Okuw sapagynyň dowamynda talyplar bilen mugallymyň arasynda sowal-jogaplar alşyldy.
Aýmyrat MUHAMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
I ýyl talyby.