30/11/-0001
514
ÝETGINJEK ÇAPYKSUWARLARYŇ ÜSTÜNLIGI
2022-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabadyň atçylyk-sport toplumynda ýetginjek çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda at çapyşyklary geçirildi. Aşgabat atçylyk toplumynda guralan çapyşyklara tomaşa etmek üçin ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçy wekilleri, ýaşulylar we at çapyşygynyň muşdaklary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlary hem gatnaşdylar.
Bu günki at çapyşyklary alty aýlawdan ybarat bolup, ýaş çapyksuwarlaryň has ökdelerini, erjellerini öňe saýlady. Ýatdan çykmajak pursatlara baý bolan ýetginjek çapyksuwarlaryň bu gezekki at çapyşyklarynda ýeňiş gazanan bedewleriň şanyna dabaraly ýagdaýda baýraklar gowşuryldy. Munuň özi peder pendine eýerýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hem-de taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, olaryň şan-şöhratyny has-da belende götermek boýunça amala aşyrylýan işleriň barha dabaralanýandygyny, bu asylly işleriň türkmen ýaşlarynyň, şol sanda ýetginjek çapyksuwarlaryň işjeň gatnaşmagynda mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär.
Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
IV ýyl talyby.