28/04/2025
160
ÝAŞLARYŇ SAGLYGYNY BERKITMEK MAKSADY BILEN GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bedenterbiýe mugallymlarynyň, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy bilen bilelikde guramagynda, «Sport - parahatçylygyň buşlukçysy», «Gajetlerden pauza» atly sport çäresi geçirildi. Institutyň sport zalynda geçirilen çärede talyp ýaşlar sportuň futbol, woleýbol, küşt we stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça öz aralarynda bäsleşdiler. Dürli gurluşly elektron enjamlaryny özleriniň saglygyna we bilimine zyýansyz ulanmagyny gazanmak, ýaşlaryň bu meseleler barada düşünjesini ýokarlandyrmak, aýratyn-da ýaşlaryň saglygyny berkitmek maksady bilen geçirilen bu sport çäresine institutyň fakultetleriniň talyplary uly höwes bilen gatnaşdylar. Bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlara guramaçylar tarapyndan höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.
Mirapguly ATANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň
mugallym-öwrenijisi.