564
ÝAŞLARYŇ ARASYNDA WAGYZ-NESIHAT MASLAHATY
2021-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahat “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görlüşi we desgalarda türgenleşikleriň geçirilişi bilen tanyşlygy mahalynda öňde goýan wezipelerinden hem-de ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren milli mirasymyza sarpany, zähmete bolan söýgini döretmek, halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine ygrarly bolmaklaryny terbiýelemek, şeýle hem “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin” we “Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň” maksatnamalaryndan ugur alnyp geçirildi. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ündewleri esasynda ýurdumyzda amal edilýän işleriň raýatlaryň howpsuzlygyny hem-de saglygyny goramak, raýatlaryň hukuklaryny we borçlaryny kanunlaşdyrmak, ýaşlar syýasatynyň işiniň, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda hem-de parlamentara gatnaşyklarynda ýaşlaryň tutýan orny, sagdyn durmuş ýörelgesi, jemgyýetde özüňi alyp barmak, döwlet gullukçysynyň hukuklaryny we borçlaryny düşündirmek dogrusynda, şeýle-de, häzirki günde ýaş nesil üçin ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilýändigi, şu şertlerden we mümkinçiliklerden dogry peýdalanyp, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermelidigi barada nygtap geçdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlara okamaga, öwrenmäge, öz gyzyklanýan döredijilik işleri, sport görnüşleri bilen meşgullanmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Döwlet Baştutanymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Laçyn BERDIMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby