53
ÝAŞLARY TELEKEÇILIK IŞINE HÖWESLENDIRMEK BOÝUNÇA GURALAN NOBATDAKY OKUW MASLAHATY
2025-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaşlaryň arasynda ylym we önümçilik telekeçiligi işjeňleşdirmek maksady bilen, talyplaryň gatnaşmagynda okuw sapagy guraldy. Okuw sapagyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky “Ýaş telekeçiler” merkeziniň utgaşdyryjysy, telekeçi Abdyrahym Agajykow alyp bardy.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi “Türkmenistanda Ýaşlar baradaky Döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly wezipeleri ýerine ýetirmek maksadybilen, ýaşlary telekeçilik işine çekmek, ýaş telekeçileri goldamak we höweslendirmek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň 2025-nji ýylyň dowamynda bilelikdäki geçirilmeli çäreleriniň Meýilnamasyna” laýyklykda guraldy. Şeýle hem, “2025-2028-nji ýyllarda ylym bilen önümçiligiň arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmekde ýaşlary telekeçilik işlerine çekmek boýunça” Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2025-nji ýyl üçin meýilnamasyna laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyndan ugur alyp, ýaşlary telekeçilige çekmek maksady bilen ýaşlaryň arasynda maslahatlary, duşuşyklary we wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär.
Ýaşlara telekeçilik, önümçilik we tehnologiýa barada gürrüň berlen maglumatlar olaryň telekeçilik dünýägaraýyşlarynyň giňemeginde örän ähmiýetli boldy.
Mährijemal MÄMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
kafedrasynyň uly mugallymy.