489
Ýaşlar we innowasion tehnologiýalar, sanly bilim ulgamy hem-de dil sowatlylygy” atly okuw maslahaty geçirildi
2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guramagynda sanly ulgam arkaly okuw maslahaty geçirildi.
“Ýaşlar we innowasion tehnologiýalar, sanly bilim ulgamy hem-de dil sowatlylygy” ady bilen geçirilen bu okuw maslahatyny Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary alyp bardylar. Maslahatyň dowamynda mugallymlaryň çykyşlary, talyp ýaşlar bilen gyzykly sorag-jogap alyşmalar täsirliligi bilen tapawutlandy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby