448
“Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi we beýik geljegidir” atly okuw-maslahaty geçirildi
2021-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guramagynda sanly ulgam arkaly hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen “Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi we beýik geljegidir” atly okuw-maslahaty geçirildi. Oňa institutyň we ýurdumyzda hereket etýän ähli ýokary okuw mekdepleriniň meýletinçi talyplary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymynyň alyp barmagynda “Ylym-bilim babatda alnyp barylýan işler we ýaşlar syýasaty” atly temada geçirilen bu okuw-maslahatynda gyzykly sorag-jogap alyşmalar, peýdaly maslahatlar täsirliligi bilen tapawutlandy. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Gytja ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby, meýletinçi