30/11/-0001
560
Ýaş meýletinçileriň nobatdaky geçirilen okuw sapagy
2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen sanly ulgam arkaly yzygiderli alnyp barylýan okuw maslahatynyň nobatdaky sany geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guran bu okuw sapagyna milli diplomatiýanyň ýokary okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.
Bu okuw maslahatyny Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžiner-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekili alyp bardy. Ol ýaşlary maglumatlar we tehnologiýalar döwründe sanly tehnologiýalary özleşdirmäge, kompýuter we internet ulgamynda täze ylmy taglymatlary öwrenmäge ýaş meýletinçileriň uly ornunyň bardygy barada täsirli çykyş etdi. Onuň çykyşy talyp ýaşlaryň gyzykly sowal-jogap alyşmalary bilen utgaşdy.
Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.