765
“Ýaş diplomatyň sesi” gazetiniň täze sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň her aýda iki gezek neşir edilýän “Ýaş diplomatyň sesi” atly gazetiniň 16-njy sany çapdan çykdy. Dört sahypadan ybarat arzyly gazetimiziň bu sany tutuşlygyna şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanypdyr. Neşiriň birinji sahypasy institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby Gurbanjemal Ödegurbanowanyň “Garaşsyzlyk alyp galkynan Watan” atly baş makalasy bilen açylýar. “Syýasy teswir” rubrikasynyň astyndaky bu makalada kaşaňlygy bilen akylyňy haýrana goýýan, umumy meýdany 20 müň 450 inedördül metre barabar bolan, Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen Döwlet münberiniň ajaplygy hakynda, ýöne baýramçylyk lybasyna beslenen Döwlet münberiniň öňünde geçirilen baýramçylyk ýörişiniň has hem ajaýyplygy hakynda gyzykly beýanatlar berlipdir.
Sahypada mundan başga-da, “Ajaýyp sowgatlara beslenen şanly Garaşsyzlygymyz” atly hronika, şeýle hem “Tanyşdyryş dabarasy” rubrikasynyň astynda institutymyzyň mugallymy Miwe Nabatowanyň “Ýan kitabyna öwrüljek gymmatly eser” atly giňişleýin habary ýerleşdirilipdir. Habarda, esasan hem, 2021-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda institutymyzda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli halkymyza peşgeş beren “Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilişi, onda Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Gurbangeldiýewiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory Ýagmyr Nuryýewiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň geňeşçisi, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Nurberdi Amanmyradowyň we beýlekileriň eden täsirli çykyşlary hakynda gürrüň berilýär. “Ýaş diplomatyň sesi” gazetimiziň ikinji sahypasy türkmen zenanlarynyň buýsanjyna buýsanç goşan, olaryň mertebesini, at-owazasyny has hem belende göteren diplomat zenanymyz Çynar Rustemowa “Türkmenistanyň Gahrymany” diýlen belent adyň dakylmagyna we “Altyn Aý” medalynyň gowşurylmagyna bagyşlanypdyr. Sahypada, hususan-da, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby Aýlar Atajykowanyň “Gahryman adyna mynasyp bolan diplomat zenan” atly interwýusynda diplomat zenanymyzyň Watanymyzyň diplomatiýasynyň ösmeginde goşan goşandy, ilçilik bilen bagly ykbaly, zähmet ýoly, mynasyp bolan döwlet sylaglary hakyndaky gyzykly söhbetdeşlik gyzgyny bilen okyjylara ýetirilipdir.
Gazetiň şu sahypasynda söhbetdeşlikden başga-da Gahryman zenanyň şa serpaýyny almagy mynasybetli Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby Aýbölek Kakabaýewanyň “Şägirtleriniň göwün guşy galkyndy” hem-de institutymyzyň aspiranty Aýgözel Öwezowanyň “Şa serpaýly halypama buýsanýaryn” atly makalalary ýerleşdirilipdir. Awtor Aýgözel Öwezowa: “Maňa Halkara gatnaşyklary institutymyzda Çynar Täjiýewna bilen işlemek bagty nesip etdi. Bu ýerde işleýän döwrümizde ol halypa ilçi hem mugallym hökmünde mähirliligi, parasatlylygy, zähmetsöýerligi, Watana wepalylygy, ruhubelentligi bilen bize nusga görkezýärdi” diýip, öz makalasynda belläp geçýär.
Gazetiň üçünji sahypasynda ýerleşdirilen Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby Bakydurdy Garaýewiň “Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly bilen” atly makalasynda hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly sözlän sözi we öňe süren başlangyçlary baradaky maglumatlar berlipdir.
Ýaňy-ýakynda Garaşsyzlyk baýramynyň toýlanan günlerinde Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisi ýokary derejede geçirildi. Bu maslahata Gahryman Arkadagymyz hem-de türkmenleriň aksakal gojalarynyň, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän watandaşlarymyzyň, talyp ýaşlarymyzyň birnäçesi gatnaşdy. Şeýle uly Halk maslahatyna gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyza eden şa diwanyny ýüzüne sylmak bagty institutymyzyň talyby Gytja Atdaýewa hem miýesser etdi. Bu bagta eýe bolan talyp Gytja Atdaýewanyň ýürek buýsanjy hem gazetiň üçünji sahypasynda ýerleşdirilipdir. Bulardan başga-da, “Türkmenistanyň Altyn Asyry” bäsleşiginiň ýeňijileri bolan institutymyzyň Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Gülälek Çopanowanyň we Halkara žurnalistikasy fakultetiniň V ýyl talyby Altyn Berdiýewanyň ýürek buýsançlary hem gazetde öz mynasyp orunlaryny tapypdyr.
2021-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlyk, Bitaraplyk-ösüşiň goşa ganaty” atly çeper publisistik makalalar bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň jemi baradaky habar gazetiň üçünji sahypasynda ýerleşdirilipdir. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy baradaky täsirli maglumatlary özünde jemleýän bu “Laureatlarymyzy gutlaýarys!” atly makalany Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby Bägül Merdanowa ýazypdyr.
Siz 4-nji sahypada “Biznes reklama” gazetiniň baş redaktory Seýitmyrat Geldiýewiň “Soýuz hem Garaşsyzlyk-okuwçykam ilkinji gazanan üstünligimiň serpaýy” atly çeper-publisistik makalasyny okap bilersiňiz. Bu makalada Seýitmyrat Geldiýew Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Täçgeldi Gutlyýewiň Soýuz döwründe, ýagny 1991-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda ýazan “Soýuz hem Garaşsyzlyk” atly kitabynyň 1993-nji ýylda 6-njy synpda özüne sowgat berlişi we ol kitaby öýleri, obadaşlary bolup okaýyşlary we dürli jedelleri edişleri, şeýle hem özüniň ussat žurnalist bolup ýetişmeginde bu kitabyň oňa beren ruhy güýçleri barada gyzykly, özüne çekiji gürrüň berýär. Ol makalasyny: “Hawa,”Soýuz hem Garaşsyzlyk” kitaby üçin çagalygymdan bäri göterip ýören amanadymy-“Sagbolsunymy” köp ýyllardan soň eýesine gowşurdym” diýen ýaly ajaýyp jümleler bilen jemläp, öz halypasyna minnetdarlygyny çeper-publisistik makalasynda beýan edipdir.
Gyzykly we täsirli maglumatlara baý bolan “Ýaş diplomatyň sesi” atly gazetiň dördünji sahypasynda institutymyzyň talyby Tawus Akjaýewanyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň V ýyl talyby Aýgözel Garlyýewanyň Garaşsyzlygymyzy wasp edýän şygyrlaryna hem orun berlipdir.
Gazetiň elektron görnüşini Halkara gatnaşyklary institutynyň www.iirmfa.edu.tm internet saýtynda okap bilersiňiz.
Halbibi SATLYKOWA,
Ajaýyp NOBATOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyplary.
Soňky täzelikler
20/12/2024
ÝAŞ TÜRGENIMIZIŇ ÝEŇŞI