Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • «YLYM WE BILIM XXI ASYRDA» ATLY HALKARA ONLAÝN YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI
        • HALKARA YLMY-AMALY MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • «ÝAŞYL GELJEK ÜÇIN HYZMATDAŞLYK» ATLY EKOLOGIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Термезский диалог: масштабный взгляд в будущее
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANAN OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / Ýaş diplomatyň sesi gazetiniň 28-nji sany çapdan çykdy
    Ýaş diplomatyň sesi gazetiniň 28-nji sany çapdan çykdy surady
    30/11/-0001

    1492

    Ýaş diplomatyň sesi gazetiniň 28-nji sany çapdan çykdy

    Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan her aýda iki gezek çap edilýän «Ýaş diplomatyň» sesi elektron gazetiniň 28-nji sany 8 sahypa möçberinde çapdan çykdy.
    Üç dilde neşir edilýän gazetimiziň bu sanynyň ilkinji sahypasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasy mynasybetli «Arkadagly Serdar geldi» atly syýasy teswir ýerleşdirilendir.
    Gazetiň 2-nji we 3-nji sahypalarynda institutyň Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Aýna Sätgeldiýewanyň «Turkmenistan and OECD», Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby Gurbanjemal Egirjäýewanyň «Ýoluňyz ak bolsun, işiňiz rowaç!», Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyplary Annaberdi Kaşaňow we Jennet Myradowanyň «Самое оперативное агентство», «World poetry day», Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby Meýlis Sadykowyň «Международный день новруз» atly makalalary bilen tanşyp bilersiňiz.
    Elektron neşirimiziň 4-nji sahypasynda Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby Ajaýyp Nobatowanyň “Sözlük – gymmatly hazyna” atly söhbetdeşligi şeýle-de şol fakultetiň III ýyl talyby Gurbanjemal Ödegurbanowanyň “Meksikan žurnalistikasynyň aýratynlyklary” atly makalasy ýerleşdirilendir.
    Gazetimiziň 5-nji sahypasy hem iň bir söýlüp okalýan sahypalaryň biridir. Sebäbi onda ýurdumyzda we halkara giňişliginde bolup geçen wakalary bir ýere jemleýän «Türkmenistan Halkara media giňişliklerinde» we «Dünýä täzelikleri» rubrikalarynyň astynda dünýäniň iň soňky habarlary çap edilýär. Bu sahypada institutymyzyň I ýyl talyplary Annaberdi Kaşaňowyň, Muhammetmyrat Narmedowyň rus we iňlis dillerinde taýýarlan birnäçe habarlaryny okap bilersiňiz.
    «Ýaş diplomatyň sesi» gazetimiziň 6-njy we 7-nji sahypalaryny tutuşlygyna eýeleýän, institutymyzyň mugallymy, ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýewiň “Kitap okan gullar magnydan dokdur”, şeýle-de Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby Aýlar Atajykowanyň “Ýaý – Kaknus guşudyr, peýkam ganaty” atly ajaýyp makalalary ýerleşdirilipdir.
    Mundan başga-da, gazetimiziň 8-nji sahypasynda institutymyzyň mugallymy Selbi Nazarowanyň “Nowruz geldi ilime” atly makalasy bilen tanşyp bilersiňiz.
    Şeýle-de, bu sahypamyzyň «Şygryýet» bölüminde institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary Tawus Akjaýewa, Seýli Aryşowyň «Söýüň birek-biregi», «Baharda öwsen yşk şemaly» atly goşgulary okyjylara ýetirilipdir.
    Gazetimiziň elektron görnüşini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň www.iirmfa.edu.tm internet saýtynda, şeýle hem internet portalynda iirmfa.nesil.edu.tm salgy arkaly okap bilersiňiz.
    Makalalary we dürli namalary redaksiýamyza ugratmak üçin gazetimiziň şu aşakdaky
    yashdiplomathgi@gmail.com elektron poçtasyndan peýdalanyp bilersiňiz.
    Gyzlargül ANNAGURDOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    BÜTINDÜNÝÄ RUS DILI GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-DÖREDIJILIK ÇÄRESI GEÇIRILDI surady

    06/06/2026

    BÜTINDÜNÝÄ RUS DILI GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-DÖREDIJILIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
    Žurnalistikada emeli aňyň ornuna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi surady

    03/06/2026

    Žurnalistikada emeli aňyň ornuna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi
    BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça  müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler surady

    30/05/2026

    BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI