30/11/-0001
584
“Ýaş diplomatyň sesi” gazetiniň 24-nji sany çapdan çykdy
«Ýaş diplomatyň sesi» gazetiniň täze sany çapdan çykdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan her aýda iki gezek neşir edilýän «Ýaş diplomatyň sesi» atly gazetiniň 24-nji sany 8 sahypa möçberinde çapdan çykdy.
Gazetiň bu sanynyň ilkinji sahypasynda institutymyzyň mugallymy Mähriban Gandymowanyň «Kitap adamzadyň köňül nagşydyr» atly makalasy ýerleşdirilendir. Onda täze «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň başynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary», «Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» hem-de «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti» atly syýasy kitaplarynyň neşir edilmeginiň türkmen halky üçin taryhy waka bolandygy bellenilip geçilýär.
Gazetiň 1-nji we 2-nji sahypalarynda institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby Sona Halykowanyň «Taý ynsandan öň duýýar» atly söhbetdeşligini okap bilersiňiz. Onda Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Annabaýram Paýaýewiň hormatly Prezidentimiziň täze doglan taýa ýylyň şygary bilen baglanyşykly Zaman adynyň dakylmagy barada gürrüň berýär.
Şeýle hem neşirimiziň 2-nji sahypasynda institutymyzyň mugallymy Sülgün Nepesowanyň «Геоэкономическая политика» atly rubrikanyň astynda «По пути взаимовыгодного сотрудничества» makalasyna orun berlipdir. Onda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň taryhynyň çuňňur kökleriniň bardygy, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, farmasewtik ugurlarda döwletara gepleşikleriniň ösüşiniň ýokary depgin bilen dowam edýändigi, Aziýa sebitiniň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüşine saldamly goşant goşmak üçin düzülen «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» (TOPH) halkara gaz geçirijiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetiniň uludygy nygtalýar. Şeýle-de, gazetimiziň şol sahypasynda Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Begmyrat Ataýewiň häzirki zaman ösen tehnologiýalaryň durmuşa doly ornaşdyrylýan mekanyna öwrülýän baky Bitarap Watanymyzda bu ugurda sanly ulgama geçilmegi babatda amala aşyrylýan işler dogrusynda söz açýan «Diýarymyz – ösen tehnologiýalar ýurdy» atly makalasy ýerleşdirilipdir.
Elektron gazetimiziň 3-nji sahypasynda BMG tarapyndan yglan edilen halkara günleri baradaky makalalara orun berlipdir. Onda institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyplary Humaý Meredowanyň «International Сustoms Day» hem-de Senemgül Allakowanyň «Всемирный день осведомлённости о пингвинах» atly gyzykly makalalaryny okap bilersiňiz.
Şeýle-de, bu sahypada gazetimiziň «Сотрудничество с международными организациями» atly rubrikasynyň astynda ýerleşdirilen Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby Annaberdi Kaşaňowyň «Образцовый пример долголетних взаимоотношений» atly makalasynda Goşulyşmazlyk hereketi guramasy bilen Türkmenistanyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyklar hakda içgin gürrüň berilýär.
«Ýaş diplomatyň» sesi gazetimiziň 4-nji sahypasyny tutuşlygyna eýeleýän «Ýaýdyr taryhymyz, peýkam – geljegimiz» atly publisistik makala «“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşigi» atly rubrikanyň astynda ýerleşdirilipdir. Institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary Nowruz Kurbanowa we Laçyn Berdimyradowa tarapyndan taýýarlanylan bu makalada ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda guralýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 3-nji oýny «Garahanly we Gaznaly türkmen döwletleriniň daşary syýasaty we diplomatiýasy» diýen temalara bagyşlanandygy, onuň üstünlikli we şowly geçmek bilen tapawutlanandygy nygtalýar. Bu publisistik makalada şeýle bellenýär: «... «Ak öý» we onuň özenindäki «Ak öý» filosofiýasynyň bäsleşigiň esasy ideýa leýtmotiwleriniň biri bolup orta çykandygyny görýäris. ...Ynha, bu bäsleşigiň hormatly Prezidentimiziň öňe çagyryşly goşgusynyň ruhunda geçmegi şol täzeligiň ilkinjisi bolan bolsa, ikinji täzelik onuň «Ak öý» filosofiýasynyň ruhunyň esasynda geçenligi boldy».
Gazetimiziň 5-nji sahypasy hem iň bir söýlüp okalýan sahypalaryň biridir. Sebäbi onda ýurdumyzda we halkara giňişliginde bolup geçen wakalary bir ýere jemleýän «Türkmenistan Halkara media giňişliklerinde» we «Dünýä täzelikleri» rubrikalarynyň astynda dünýäniň iň soňky habarlary çap edilýär. Bu sahypada institutymyzyň I ýyl talyplary Annaberdi Kaşaňowyň, Ajaýyp Nobatowanyň we Ogulnar Orazmyradowanyň rus we iňlis dillerinde taýýarlan birnäçe habarlary ýerleşdirilipdir.
Elektron gazetimiziň 6-njy sahypasynda ýerleşdirilen institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary: Gözel Eminowa, Dünýägözel Çaryýewa, Gurbanjemal Egirjäýewa, Aýlar Atajykowa, Ajaýyp Nobatowa, Bereket Öwezgeldiýew we Muhammetmurat Narmedow tarapyndan taýýarlanylan «Arşdan gelen jogap ýa-da redaksiýanyň döredijilik toparynyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň rysgally geljekdigi bilen baglanyşykly täze daýanç sütünleriniň gözlegine çykyşlary we bu ugurda täsin jogaby tapyşlary baradaky hekaýat» atly makalasynda hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesle – mekdep okuwçylaryndan başlap tä ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara çenli biziň gadymdan gelýän mirasymyzy, sungatymyzy wagyz etmek barada edýän tagallary hakda gürrüň edilýär. Onuň jemlemesinde: «Başgaça aýtsak, milli mirasymyzyň özeni – daýanç sütünlerimiziň tapylýan ýeri onuň Zeminleýin däl-de, Arşdan iberilen mirasdygy babatda eken. Ýylyň nähili geljekdiginiň jogaby hem şu Arşlykda bolmaly?!» diýip, jogap tapmaklygy okyjylaryň özlerine goýýar. Makalanyň dowamyny gazetimiziň indiki sanynda okap bilersiňiz.
«Ýaş diplomatyň sesi» elektron gazetimiziň 7-nji sahypasyny tutuşlygyna eýeleýän «Halypa göreldesi – şägirt ýörelgesi» atly rubrikanyň astynda ýerleşdirilen «Žurnalistika – arzyly kär» atly söhbetdeşlik institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Gunça Hamedowanyň ýurdumyzyň gündelik syýasy neşiri «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory, şahyr Kakamyrat Rejebow bilen guralypdyr. Onda redaktoryň öz iş tejribesi, žurnalistikanyň inçe tilsimleri, žurnalist kärini kämilleşdirmegiň ýollary barada aýdan sözleri beýan edilýär. Söhbetdeşlikde redaktor Kakamyrat Rejebowyň bu kär barada aýdan: «Žurnalistika adamlaryň aňyna, edebiýat olaryň ýüregine täsir edýär» ýaly ýerlikli sözleriniň hem-de žurnalistiň esasy guraly bolan söz barada aýdan: «Žurnalistikanyň hem, edebiýatyň hem düýp özeni söz. Asyl-ha, ähli sungatyň özeninde söz durýandyr. Aýdym sözüň ganat açan görnüşidir. Tans sözüň herekete geçen görnüşidir. Heýkel sözüň daşlarda ebedileşdirilen görnüşidir... » ýaly örän jaýdar kesgitlemeleriniň birnäçesini okap bilersiňiz.
Elektron gazetimiziň soňky sahypasynda institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby Halbibi Satlykowanyň «Ýanardagyň ýedi arkasy hakda ýene bäş kelam söz» atly seslenmesi ýerleşdirilendir. Bu makalasynda awtor Ýanardag bedewi we onuň ýedi arkasy barada gyzykly maglumatlary jemläp, ony gazetimiziň geçen sanyndaky institutymyzyň I ýyl talyby Ajaýyp Nobatowanyň «Aýlanaýyn ak adyňdan ýylymyz» atly publisistik makalasyna seslenme görnüşinde ýazypdyr.
Mundan başga-da, gazetimiziň 8-nji sahypasynda Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby Jennet Myradowanyň dünýä meşhur habarlar agentligi baradaky «Al-Jazera – News channel of Arabic- speaking world» atly makalasy ýerleşdirilipdir.
Şeýle-de, bu sahypamyzyň «Şygryýet» bölüminde institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby Gytja Atdaýewanyň «Käbäm», «Daglar» atly goşgulary okyjylara ýetirilipdir.
Gazetimiziň elektron görnüşini Halkara gatnaşyklary institutynyň www.iirmfa.edu.tm internet saýtynda, şeýle hem internet portalynda iirmfa.nesil.edu.tm salgy arkaly okap bilersiňiz.
Makalalary we dürli namalary redaksiýamyza ibermek üçin gazetimiziň şu aşakdaky yashdiplomathgi@gmail.com elektron poçtasyndan peýdalanyp bilersiňiz.
Aýgül MEREDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.