19/05/2026
57
ÝAPONIÝANYŇ BILIM MAKSATNAMALARY: TÜRKMEN ÝAŞLARY ÜÇIN TÄZE MÜMKINÇILIKLER
2026-njy ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we Ýaponiýanyň bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýalar ministrligi tarapyndan guralan ýurdumyzyň bilim ulgamy we halkara hyzmatdaşlygy ugrunda uly ähmiýete eýe bolan “MEXT” maksatnamasy boýunça brifing geçirildi. Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýapon dilini öwrenýän okuwçylar we talyplar üçin niýetlenen Ýaponiýanyň bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýalar ministrligi tarapyndan guralan “Öwreniji”, “Talyp”, “Ýörite hünär okuw mekdebiniň talyby”, “Ýapon dili we medeniýetini öwrenýän talyp” ýaly halkara maksatnamalary hakynda giňişleýin gürrüň berildi.
Brifingiň iň täsirli we gyzykly bölekleriniň biri hem häzirki wagtda Gündogar Aziýanyň bu ösen ýurdunda ýokarda agzalan MEXT maksatnamalary esasynda üstünlikli bilim alýan türkmen talyplarynyň çykyşlary boldy. Ýaponiýanyň dürli sebitlerinde we uniwersitetlerinde okaýan ildeşlerimiz özleriniň talyplyk durmuşy, ýapon dilini çalt we netijeli öwrenmegiň syrlary, okuw şertleri hem-de medeni aýratynlyklar barada gyzykly maglumatlary we öz başlaryndan geçiren hakyky tejribelerini paýlaşdylar.
Çäräniň gerimi örän giň bolup, oňa paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň ýapon dili okadylýan ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem ýapon dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän orta mekdepleriň okuwçylary, mugallymlary we bilim işgärleri gatnaşdylar. Olar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna degerli jogaplary aldylar. Geçirilen brifingiň esasy maksady ýurdumyzyň çäginde ýapon dilini öwrenýän okuwçylary we talyplary Ýaponiýanyň daşary ýurtly talyplar üçin niýetlenen halkara maksatnamalary bilen tanyşdyrmakdan, olarda ýapon dilini öwrenmäge bolan höwesi artdyrmakdan, maksatnamalara gatnaşyjylaryň sanyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Dünýägözel BABAHANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri
kafedrasynyň mugallymy