30/11/-0001
547
Ýagty geljegimiziň mizemez sütüni – ÝAŞLAR
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlar syýasaty babatda milli kanunçylygy mundan beýläk kämilleşdirmek bilen bagly geçiren maslahaty türkmen ýaşlarynyň buýsançly başlaryny göge diredi.
Bu täsirli, watançylyk ähmiýetli maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlary hem «Watan» habarlar gepleşiginiň üsti bilen üns berip diňlediler.
Gahryman Arkadagymyz ýaşlar barada döwlet syýasatynda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri elmydama ileri tutup, ýaşlara uly ynam bildirýär hem-de biziň geljegimiz bolan ýaşlarymyzyň öz käriniň hakyky eýesi bolup, Watanymyzy mundan beýläk gülledip ösdürjek hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin atalyk aladalaryny edýär.
Gahryman Arkadagymyz golaýda Daşoguz we Lebap welaýatlaryna guralan saparlarynyň dowamynda hem talyp ýaşlar bilen duşuşmagy, olaryň döwür bilen aýakdaş gitmekleri üçin, durmuşda elmydama üstünlik gazanmak bilen bagly beren öwüt-ündewleri ýaşlaryň kalbynda müdümilik orun alandygyna şek-şübhe ýok. Merdana ata-babalarymyzyň ösüp gelýän ýaş neslini Watanymyza çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň päk kalply, mert we edermen, milli gymmatlyklarymyza we ruhy ýörelgelerimize ygrarly, bilimli we paýhasly, akylly-başly perzentler bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalary edýär. Türkmen halky özüniň durmuş tejribesiniň dowamynda ýaş nesli terbiýelemegiň dürli däp-dessurlaryny, usullarydyr tärlerini we görnüşlerini döredipdir hem-de kämilleşdirip, biziň günlerimize çenli alyp gelipdir. Müňýyllyklaryň dowamynda halkyň ulanan, wagtyň geçmegi bilen timarlanyp, kämillik derejesine ýetirilen şol ruhy baýlyklarynyň geçmişde ýaş nesli terbiýelemekde, durmuşa ykjam taýýarlamakda ähmiýeti örän uly bolupdyr.
Gojaman taryha ser salanymyzda sabyr-takatlylyk, geçirimlilik, pähim-paýhaslylyk, agraslyk, salyhatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly gylyk-häsiýetlerde oguz ruhunyň milli aýratynlyklaryny görmek bolýar. Bu aýdylanlar babatda oguz nesilleri köp halklardan tapawutlanypdyr hem-de sabyr-takatlylygyň, geçirimliligiň, agraslygyň, hoşniýetliligiň, ynsanperwerligiň ajaýyp nusgalaryny öz ýaşaýşynda berjaý etmegi başarypdyr şeýle hem, ýaşlara görelde görkezip, olaryň aňynda bu asylly häsiýetleri yzygider terbiýeläp gelipdir. Halkyň geçmişden ýadygär galan ruhy baýlyklary, olaryň möhüm bölegi bolan halk döredijiligi ýaş nesli terbiýelemek boýunça gazananlaryny özüne siňdirmek bilen olaryň iň kämillerini, durnuklaşan häsiýete eýe bolanlaryny, taryhyň dürli sepgitlerinde özüniň pedagogik nukdaýnazardan ähmiýetlidigini subut edenlerini biziň günlerimize alyp gelipdir. Şu nukdaýnazardan hem halkymyzyň taryhyny, medeni-ruhy gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, dikeltmek, milli edim-gylymlarymyza, maşgala gymmatlyklaryna sarpa goýmak, teatr sungatyna bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak, ekologiýany gorap saklamak, taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy ýadygärlikleriň, galalaryň, kerwensaraýlaryň ähmiýetini giňden wagyz etmek işi häzirki döwürde giň gerime eýe bolmalydygy barada Gahryman Arkadagymyz aýratyn nygtap geçdi. Dünýä halklary bilen ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge, türkmen medeniýetini hem-de sungatyny dünýäde wagyz etmäge, parahatçylygyň we medeni diplomatiýanyň pugtalandyrylmagyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşjak ýaşlarymyzyň giň gözýetimli bolmaklary, halkara derejesinde bilim alyp, milli ruhda terbiýelenmekleri häzirki wagtda bilim işgärleriniň öňünde goýan mukaddes borjudyr. Ýaşlarymyzyň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek üçin ähli mümkinçilikler döredilen, bu bolsa ýaş türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, türkmeniň kalbynyň nagşy, ýüzüniň tuwagy bolan, ýaşyl Baýdagymyzy belende götermekleri biziň her birimiz üçin guwandyryjy pursatdyr.
Çünki ýaşlar biziň ýagty gelejegimiziň mizemez sütünidir. Şol sütüniň mäkämligini ebedileşdirmek ugrunda alyp barýan asylly işlerinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza uly üstünlikleriň ýar bolmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, Belent başlarynyň elmydama aman bolmagyny arzuw edýäris!
Gülşat ÝUSUPOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
okuw işleri boýunça
prorektory.