11/11/2026
46
«World Bestseller Books» atly söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň kitaphanasynda «Kitap – bilimiň çeşmesi» atly kitap sergisiniň çäginde meýilleşdirilen «World Bestseller Books» ady bilen ýörite söhbetdeşlik guraldy. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, bilimli we daşary ýurt dillerine erk edýän hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan parasatly ýolbaşçylygyndan ugur alyp, ýurdumyzda kitap okamaga we dünýä medeniýetini öwrenmäge uly üns berilýär.
Institutyň Dünýä dilleri kafedrasynyň «Lingwo World» ylmy gurnagynyň guramagynda geçirilen bu dabaraly çärä mekdep okuwçylary işjeň gatnaşdylar. Duşuşygyň esasy maksady ýaş nesliň intellektual derejesini ýokarlandyrmaga, daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmaga, şeýle hem dünýä edebiýatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdyrmaga gönükdirildi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler adamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde kitabyň eýeleýän ornuna aýratyn üns çekdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda halkara derejesinde ykrar edilen dünýä meşhur kitaplarynyň mazmuny, olaryň adam häsiýetiniň we dünýägaraýyşynyň kemala gelmegine ýetirýän täsiri barada gyzykly gürrüňler edildi. Şeýle hem okuwçylar daşary ýurt dillerinde ýazan gysgaça çykyşlaryny we okaýan eserleri baradaky täsirlerini paýlaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar sergide görkezilen dürli dillerdäki edebiýatlar, ylmy neşirler bilen ýakyndan tanyşdylar. Täsirli geçen duşuşyk ýaşlarda kitaba bolan söýgini has-da berkitmek bilen bir hatarda, olaryň döredijilikli pikirlenmegine we dil başarnyklaryny ösdürmegine uly itergi berdi.
Aýgül TUMAÇOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby