524
Wideoşekilli okuw seminary
2021-nji ýylyň 8-25-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy P.Çaryýew Hytaý Halk Respublikasynyň Söwda ministrligi tarapyndan gurnalýan Rus dilinde gepleýän ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynyň rektorlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly seminaryna gatnaşýar. Bu okuw seminaryny Hytaý Halk Respublikasynyň birnäçe bilim edaralarynyň professorlary gurnaýar. Olara: Şenýanyň mugallymçylyk uniwersiteti, Lýaoniniň hytaý halk lukmançylygy uniwersiteti, Dalaniň daşary ýurt dilleri uniwersiteti, Lýaoniniň welaýat işewürlik bölümi, Lýaoniniň welaýat bilim bölümi, Szýansuzyň mugallymçylyk uniwersiteti, Heýlunszýan uniwersiteti, Çžansun uniwersiteti, Demirgazyk-günorta mugallymçylyk uniwersitetleri degişlidir. Bu seminara Gazagystan, Türkmenistan, Özbegistan, Russiýa, Belorussiýa, Ukraina, Mongoliýa ýaly döwletleriň wekilleri gatnaşýar. Bu döwletlerden jemi 41 sany diňleýji gatnaşýar. Duşuşygyň barşynda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmeklige gönükdirilen işleriň alnyp barlyşy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Rahmangylyç ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.