24/04/2026
54
WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu çäre “Galkynyş” gaz käniniň IV tapgyryny özleşdirmäge badalga berilmeginiň taryhy ähmiýetini şöhlelendirmäge bagyşlandy.
Duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, kafedranyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban Ezimowa, kafedranyň mugallymy Güljahan Amanberdiýewa hem-de “Paýhas we Parasat” ylmy gurnagynyň agzalary bolan Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyp ýaşlary çykyş etdiler. Çykyşlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň 20 ýyllyk şanly taryhy, bu ugurda gazanylan uly üstünlikler barada gyzykly maglumatlar berildi.
Geçirilen çäräniň esasy maksady Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz käniniň IV tapgyrynyň özleşdirilmegine badalga berilmeginiň taryhy ähmiýetini ýaş nesillere düýpli düşündirmekden hem-de ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky täze sepgitlerini giňden şöhlelendirmekden ybarat boldy. Gatnaşyjylaryň uly gyzyklanma bildirmeginde geçen wagyz-nesihat duşuşygy ýaşlaryň watançylyk we milli buýsanç duýgularyny has-da belende göterdi.
Güljan SERDAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.