17/11/2025
43
WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň ilkinji Zenanlar guramasynyň guramagynda talyp gyz-gelinleriň arasynda tertip-düzgün, milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, zyýanly endikleriň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny düşündirmek, maşgalanyň sagdyn bolmagy, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmeklik we ýaşlaryň bu meseleler barada düşünjesini ýokarlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň lukmany we zenan mugallymlary çykyş etdiler. Olar öz gezeginde arassaçylyk kadalaryny dogry berjaý etmekligiň adam saglygyna ýetirýän oňaýly täsiri, maşgala saglygyny ýurduň saglygyna deňelýändigi, sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň ähmiýeti dogrusynda gürrüň etdiler.
Gyzylgül GURBANMUHAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy,
institutyň ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy.
Soňky täzelikler
26/12/2025
Düzme ýazmak bäsleşiginiň jemleri jemlendi
25/12/2025
Sagdyn-durmuş ýörelgelerini ündeýän bäsleşik