01/10/2024
303
Bilim synagy gullugynyň (ETS) wekili bilen duşuşyk
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň çäginde Bilim synagy gullugynyň (ETS) hökümet we daşarky gatnaşyklar müdiri Şennon Aşpol Litton bilen möhüm ýygnak geçirildi. Duşuşykda ETS-iň işine syn berildi we bilim pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
ETS SAT, ACT, TOEFL, GRE ýaly bilim synaglaryny ösdürmäge we baha bermäge ýöriteleşen öňdebaryjy gurama hasaplanýar.
1. SAT (Scholastic Assessment Test)
SAT − ABŞ-da we beýleki ýurtlarda talyplaryň ýokary bilime taýýarlygyny bahalandyrmak üçin ulanylýan standartlaşdyrylan synag hasaplanýar. Synagda matematika, okamak, ýazmak we dil endikleri bölümleri bar. SAT ballary Amerikanyň uniwersitetlerine we kollejlerine kabul ediş işinde möhüm ähmiýete eýedir. Onuň esasy maksady uniwersitetlere dalaşgärler saýlanylanda adalatly kararlar kabul edip biler ýaly, dalaşgäriň akademiki mümkinçiliklerine obýektiw baha berip bilmekdir.
2. ACT (American College Testing)
ACT − SAT bilen bir hatarda kollejlere kabul edilmek üçin ulanylýan alternatiw testdir. ACT iňlis dili, matematika, okamak, aýratyn ylymlar we ýazuw boýunça goşmaça bölümi öz içine alýar. ACT ballary diňe bir akademiki bilimleri däl, eýsem, talyplaryň seljeriş ukyplaryny hem bahalandyryp, ýokary okuw jaýlaryna dalaşgärleri saýlamak işinde hem giňden ulanylýar.
3. TOEFL (Test of English as a Foreign Language)
TOEFL – daşary ýurtlularyň iňlis dilini bilişine baha bermek üçin halkara derejesinde ykrar edilen synag hasaplanýar. Synag okuwlary iňlis dilinde alnyp barylýan uniwersitetlere we maksatnamalara, şeýle hem hünär ugry boýunça ýokary okuw mekdeplerine kabul etmek üçin ulanylýar. Dört sany esasy synag bahalandyrylýar: diňlemek, okamak, gürlemek we ýazmak. TOEFL, köplenç, iňlis dili döwlet dili hasaplanýan ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin talap edilýär.
4. GRE (Graduate Record Examination)
GRE – adatça, ABŞ-da we beýleki köp sanly ýurtlarda magistratura ýa-da aspirantura girmek üçin zerur bolan standartlaşdyrylan synag hasaplanýar. GRE synagy dilden, matematiki ukyplardan we analitiki ýazuwdan ybarat umumy akademiki başarnyklary barlaýar. Kollejiň kabul ediş toparlary ýokary taýýarlykly dalaşgärleri ösen akademiki derejelerde okamaga taýýarlyklaryny bahalandyrmak üçin GRE ballaryny ulanýarlar.
5. PRAXIS
PRAXIS − ABŞ-daky mugallymlaryň bilimlerine we başarnyklaryna baha bermek üçin ulanylýan synaglaryň tapgyry. Bu synaglar Amerikanyň köp ştatynda başlangyç we orta mekdeplerde mugallymçylyk ygtyýarnamasyny almak üçin zerurdyr. PRAXIS umumy akademiki başarnyklara (meselem, matematika, okamak) we mugallymyň öwretmegi meýilleşdirýän aýratyn dersleri bilen baglanyşykly hünär bilimlerine baha berýär.
Synaglaryň bilim ulgamy üçin ähmiýeti
SAT, ACT, TOEFL, GRE we PRAXIS synaglary global bilim ulgamynda möhüm orun tutýar. SAT we ACT synaglary ýokary okuw mekdeplerine subýektiw faktorlary hasaba almazdan, dalaşgärleriň okamaga taýynlygyny adalatly bahalandyrmaga kömek edýär. TOEFL ene dili iňlis dili bolmadyk talyplara daşary ýurtda okamak üçin iňlis dilini bilýändigini subut etmäge mümkinçilik berýär. GRE magistratura we aspirantura saýlamak üçin esas bolup hyzmat edýär, PRAXIS orta bilimiň hiline gönüden-göni täsir edýän mugallymlary taýýarlamagyň ýokary standartlaryny saklamaga kömek edýär.
Duşuşykda geljekdäki hyzmatdaşlygyň birnäçe möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy:
1. Türkmenistan PISA ýaly halkara okuwlara gatnaşmaga taýýarlyk görmekde we bu maksatnamalara üstünlikli gatnaşmagyň usullaryny işläp düzmekde hyzmatdaşlyga çagyryldy.
2. Şeýle hem, SAT, ACT, GRE, GMAT, TOEFL we başga maksatnamalar esasynda emeli aň ýaly iň täze tehnologiýalary ulanyp, synag soraglaryny döretmegiň usullaryny işläp düzmekde hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edildi.
3. Mugallymlaryň bilimlerine we şahadatnamalaryna baha bermek üçin PRAXIS synaglaryny geçirmegiň usulyýetini öwrenmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
ETS-iň bilim ulgamy üçin ähmiýeti
SAT we ACT ýaly synaglaryň ulanylmagy bilim ulgamyny kämilleşdirmäge ep-esli täsir edýär, sebäbi adalatly synaglaryň esasynda dalaşgärleri bilim edaralaryna saýlamaklyga kömek edýär. Bu bolsa saýlap alyş işiniň hilini ýokarlandyrýar we bilim standartlarynyň gowulanmagyna umumy goşant goşýar. ETS-iň wekili bilen netijeli duşuşygyň netijesinde taraplar hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak üçin esasy ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. ETS bilen hyzmatdaşlygyň bu ugurlaryny durmuşa geçirmegiň maksady bilim hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we dünýä bilim jemgyýetine goşulmaga gönükdirilendir.
Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara
gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.