Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
        • Tarafsızlık politikasının barışçıl yaratıcı gücü ve tarafsızlık doktrini
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
        • Bilim ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ARGENTINANYŇ ÝURDUMYZDA TÄZE BELLENEN ILÇISINIŇ GATNAŞMAGYNDA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly şäherleri gurmakda ýaşlaryň ornuna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / Üstünlikleriňiziň höwri köp bolsun!
    Üstünlikleriňiziň höwri köp bolsun! surady
    02/06/2023

    4657

    Üstünlikleriňiziň höwri köp bolsun!

    2023-nji ýylyň 31-nji maýynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň şanly 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň bölüm redaktory Aşyrmät Garly, Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly haşam sungaty kafedrasynyň uly mugallymy, Aşgabat şäher Halk Maslahatynyň agzasy, zehinli zergär Aýjemal Çaryýewa, Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň bagtyýar talyby, tanymal şahyr Kerim Hallyýew, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmit üpjünçiligi we hyzmatlar» müdürliginiň Medeni işewürlik merkeziniň aýdymçysy Çynar Annamyradowa, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl bagtyýar talyby, «Edebiýat we sungat» gazetiniň uly habarçysy Kerimberdi Hakberdiýew hem-de ýokary okuw mekdeplerinden talyplar gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujy akyldar Magtymguly Pyragy, onuň döredijiligi dogrusynda durulyp geçildi. Şeýle-de ýaş aýdymçylaryň Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler. Duşuşygyň ahyrynda, 2023-nji ýylyň 5-20-nji maý aralygynda dowam eden Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Dana Pyragy we gözel türkmen tebigaty» atly fotožurnalistika bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Bu bäsleşikde biziň talyp deň-duşumyzyň hem baýrakly orundan paýly bolandygy bellärliklidir. Has takygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Berdigylyç Ýazmyradow I dereje boýunça, ýagny žurnalistika hünärinde bilim alýan talyplaryň arasynda 3-nji orna mynasyp boldy. Biz hem talyp deň-duşumyza geljekde-de täze döredijilik üstünlikleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.

    Yslam GURBANMYRADOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    01/05/2026

    YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
    SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI surady

    30/04/2026

    SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
    ÝAŞ ŽURNALISTLER ÜÇIN OKUW SAPAGY GURALDY surady

    29/04/2026

    ÝAŞ ŽURNALISTLER ÜÇIN OKUW SAPAGY GURALDY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI