87
Ussatlyk okuw sapagy geçirildi
2025-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda köpýyllyk iş tejribesi bolan halypa žurnalist Bekdurdy Amansaryýewiň ussatlyk sapagy geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdebimiziň halkara žurnalistikasy fakultetiniň professor-mugallymlarydyr talyplary, magistrantlary gatnaşdylar.
Halypa žurnalist Bekdurdy Amansaryýew ussatlyk okuw sapagynda internet žurnalistikasynyň maksady, ýerine ýetirýän wezipeleri, žanrlary, onuň inçe syrlary, interwýu almagyň ähmiýeti barada durup geçdi. Sapagyň barşynda halypa žurnalist žanr hökmünde interwýunyň köpsanly görnüşleri barada talyplara giňişleýin gürrüň berdi.
Şeýle-de žurnalist köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň beýleki görnüşleriniň aýratynlyklary barada hem giňişleýin gürrüň berdi. Halypa talyplara her bir başlan işlerinde tutanýerli, maksadaokgunly bolmagy ündäp, ýaşlara gymmatly maslahatlary berdi. Soňra ikitaraplaýyn esasda talyplar bilen halypa žurnalistiň arasynda sorag-jogap alşyldy.
Institutymyzda halypa žurnalist bilen guralan ussatlyk sapagy örän täsirli geçdi. Şeýle çäreleriň geçirilmegi geljekki ýaş žurnalistler üçin görelde mekdebidir.
Aýnur MYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.