
908
Ulag diplomatiýasy okuw merkezinde okuw sapaklary üstünlikli geçirilýär
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde “Ulag diplomatiýasy” ugry boýunça ýörite tassyklanan okuw meýilnamasyna laýyklykda 2021-njy ýylyň 18-nji martynda “Türkmen Ak ýol” hojalyk jemgyýetiniň wekili Mekan Meňliýew “Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty bilen Azerbaýjanyň Baku, Gazagystanyň Aktau, Kuruk, Russiýa Federasiýasynyň Astrahandaky Olýa halkara deňiz söwda portlary bilen özara gatnawlary ýola goýmagyň mümkinçilikleri” atly okuw sapagyny geçirdi. Okuw sapagy talyplar üçin örän täsirli boldy.
Berdinyýaz GOŇUROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler

26/12/2024
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI