10/08/2023
1168
Üçtaraplaýyn sammit: deňhukukly we deňagramly bähbitler
Soňky ýyllarda türkmen-täjik we türkmen-özbek gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykyp, täze many-mazmun bilen baýlaşdy. Üç doganlyk ýurduň döwlet Baştutanlarynyň syýasy erk-islegi jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ulgamlarda gatnaşyklaryň geriminiň giňelmegine aýratyn ýardam berýär. Halkara we sebitara meselelerde taraplaryň garaýyşlarynyň meňzeşligi, ýakynlygy Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň köptaraplaýyn syýasy meýdançalarda ysnyşykly çykyş edip, sebit we ählumumy derejede oňyn tagallalary öňe sürmegine saldamly goşant goşýar. 4-nji awgustda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitiniň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda ähmiýetli waka bolmak bilen, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň depginine täze itergi berjekdigi gümansyz. Muňa sammitiň netijesi boýunça kabul edilen 17 bentden ybarat Bilelikdäki Beýannama dolulygy bilen şaýatlyk edýär. Resminama üçtaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny özünde jemlemek bilen, mazmuny boýunça, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň aýratyn nygtaýşy ýaly, ileri tutulýan ugurlaryň ylalaşylmagy, ösüş meýilnamalarynyň utgaşdyrylmagy halklaryň jana-jan bähbitlerine, milli ykdysadyýetleriň mümkinçiliklerine we isleglerine laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, makalanyň barşynda sammitiň gün tertibine girizilen üç sany esasy meselä, ýagny Amyderýanyň suw baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak; energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu ugurda özara hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak; ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ulag we üstaşyr geçelgelerini giňeltmek meselelerine okyjylaryň ünsüni çekmek isleýäris.
Suw-energetika hyzmatdaşlygy
Taryhdan belli bolşy ýaly, öňki Soýuzyň dargamagy bilen, sebit döwletleriniň özbaşdaklygyny yglan etmegi, olaryň ykdysadyýetinde eýýäm ýyllar dowamynda däbe öwrülen «meýilleşdirilen görkezijiler» diýen düşünjäniň «milli bähbitler» we «bazar ykdysadyýetiniň kanunlary» diýlen düşünjeler bilen çalşylmagyna sebäp boldy. Sebitiň döwletleriniň ykdysady nukdaýnazardan ösüşi we önümçiligiň täze görnüşleriniň işe girizilmegi suwuň sarp ediliş mukdaryny artdyrdy. Muňa garamazdan, suw meselesiniň energetika we azyk howpsuzlygy, şeýle hem ilat sanynyň artmagy ýaly meseleler bilen aýrylmaz baglanyşygy hergiz ünsden düşürilmedi. Şoňa görä-de, sebit döwletlerini birek-birege mäkäm baglaýan we olaryň durmuş-ykdysady ösüşine düýpli täsirini ýetirýän suw meselesine çemeleşmelerde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň «...suw serişdelerini netijeli dolandyrmak, goramak we rejeli peýdalanmak, gidrotehniki desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw hojalyk ulgamlaryny netijeli ulanmak we döwrebaplaşdyrmak, suw serişdelerini aýawly saklamak hem-de gaýtadan peýdalanmak...» ýaly ýörelgelerden ugur almagy döwrüň talaby bolup durýar. Çünki bilermenleriň bellemegine görä, Merkezi Aziýanyň bäş döwleti — Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda häzirki günde 76 million töweregi ilat ýaşaýar. Şol bir wagtda, 2050-nji ýylda ilat sanynyň 90 — 110 milliona çenli artmagyna garaşylýar. Şoňa görä-de, ilatyň mundan beýläk-de şäherleşmegi, yklymda howanyň üýtgemegi we önümçiligiň ösmegi çäkli suw çeşmelerine talaby has-da artdyrar.
Biziň ýurdumyz howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň möhümdigine düşünýär. Hut şoňa görä-de, alymlar we hünärmenler tarapyndan işlenip düzülen daşky gurşawyň arassalygyny we baýlygyny gorap saklamak, tebigy serişdelere aýawly garamak we olary tygşytly ulanmak, önümçilige ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly täsirli çäreleri BMG-niň goldawy bilen, «Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» goşdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat sammitiniň barşynda eden çykyşynda «...suw turbageçiriji infrastrukturasyny döretmegiň mümkinçiliklerine garamak...» babatda öňe süren teklibini howanyň üýtgemegi we Amyderýanyň suw serişdelerine talaplaryň artmagy bilen bagly ýüze çykýan meseleleri çözmekde tehnologik çözgüt hökmünde kabul etmek bolar.
Ulag-logistika hyzmatdaşlygy
Ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek Türkmenistanyň ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutany tarapyndan işlenip düzülen we işjeň öňe sürülýän Türkmenistanyň logistika strategiýasy taryhdan gözbaş alýar. Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyran, medeniýetleriň ösmegine saldamly goşant goşan Beýik Ýüpek ýoly gadym döwürlerden bäri Türkmenistanyň çäklerinden geçipdir we möhüm söwda ýoly hökmünde yklymlary we halklary baglanyşdyrmaga hyzmat edipdir. Hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda bitewi ulag strategiýasyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyny nygtady. Şu nukdaýnazardan, Aşgabat sammitinde Hazar deňzine we Pars aýlagyna çykmagy üpjün edýän Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan ulag ugry boýunça multimodal daşamalary işjeňleşdirmegiň möhümdigine aýratyn orun berildi.
Sebit ýurtlarynyň deňze çykalgasynyň ýokdugyndan ugur alynsa, ulag-logistiki ulgamlaryň özara baglanyşygyndan Merkezi Aziýanyň 5 döwletiniň ählisi utuş gazanýar. Çünki bu ulgam şol bir wagtyň özünde sebitdäki goňşy döwletler, hususan-da, alyslarda ýerleşýän dünýä ykdysadyýetiniň kuwwaty hasaplanýan uly ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna-da giň mümkinçilik açýar. Sammitiň barşynda «Aşgabat ylalaşygyna» laýyklykda hereket «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran» ulag geçelgesiniň we Hazarüsti geçelgesiniň mümkinçilikleriniň doly güýjünde ulanylmagynyň Merkezi Aziýa sebitine «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» halkara geçelgeleriniň merkezi hökmünde gyzyklanmalaryň artmagyna şert döretjekdigi aýratyn bellenilip geçildi. Öňde goýlan maksada ýetmek üçin halkara ýük daşaýjylar üçin amatly şertleri döretmek, sanly ulgama geçmegi çaltlandyrmak we gözegçilik-geçiriş ýerleriniň mümkinçiliklerini artdyrmak meselelerini bilelikde çözmek teklip edildi.
Mälim bolşy ýaly, her bir döwlet öz geografik taýdan amatly ýerleşişini we onuň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Türkmenistan hem iki yklymyň amatly çatrygynda ýerleşýän döwlet hökmünde täze taryhy şertlerde dünýä döwletleriniň sazlaşykly ösüşine ýardam edýän üstaşyr ulag infrastrukturasyny emele getirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de olaryň gaýragoýulmazdan durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýär. Şoňa görä-de, ulag ulgamyna ýurtlaryň bilelikdäki ösüşini emele getirmekde esasy ugurlaryň hatarynda garamak bolar.
Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň geoykdysady mümkinçilikleri ägirt uludyr. Bu ugurlar ymgyr giňişligi öz içine almak bilen, ykdysadyýeti köptaraplaýyn ösdürmäge ýardam edýär. Bu bolsa ýurduň ulag ulgamynyň dünýä ykdysadyýetini ösdürmegiň mümkinçilikleriniň birine öwrülmegine zerur şertleri döredýär.
Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk
Halkara energetika agentliginiň (International Energy Agency) berýän kesgitlemesine görä, energetika howpsuzlygy, munuň özi elýeterli bahalardan we bähbitli esaslarda energiýa serişdeleriniň üpjünçiligidir. Ýurtlaryň daşary ykdysady syýasatynyň bir ugrunyň bu ulgam bilen baglanyşykly bolmagy energetika diplomatiýasynyň kemala gelmegine itergi berýär.
Biziň döwletimiz energetika diplomatiýasynyň nazaryýetine esaslanyp, çuňňur ylmy binýada esaslanýan özboluşly syýasaty alyp barýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdelerine baý döwletleriň biri bolup, onuň eksportynyň köp bölegini bu serişdeler tutýar. Hormatly Prezidentimiziň energetika syýasatynyň esasy özeni «mawy ýangyjyň» gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmakdan we türkmen energogöterijilerini dünýä bazaryna çykarmakdan ybaratdyr.
Aşgabat sammitindäki çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti hyzmatdaşlygyň netijeli nusgasyny döretmegiň maksadalaýykdygy barada aýdyp, üç ýurduň energiýa isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen uzak möhletli üçtaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga degişli teklibi beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar energetika babatda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine daýanyp, nebitgaz hem-de elektrik energetikasy pudaklarynda bilelikde işleşmegiň mümkinçiligine garamak maksady bilen, 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda energetika pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde gepleşikleri geçirmek barada ylalaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow duşuşygyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen metbugat maslahatynda aýratyn belläp geçdi. Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýe. Häzirki wagtda gaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler açylýar. Bizde ägirt uly tebigy gaz gorlary bar. Gaz eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak we öndürijiniň, üstaşyr geçýän ýurduň hem-de energiýa sarp edijiniň bähbitleriniň deňagramlylygyny göz öňünde tutmak halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde biziň üçin esasy ýörelgelerdir. Hut şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň arasynda gaz ýatagynda strategik hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak teklip edildi.
Metbugat maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça «Galkynyş» tebigy gaz ýatagynyň üçünji we dördünji tapgyrlaryny özleşdirmek üçin iri möçberli işleriň alnyp barylýandygy-da aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn ýyllarda Türkmenistanda mawy ýangyjyň önümçiligini azyndan 60 milliard kub metr artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa barha ösýän içerki zerurlyklary doly kanagatlandyrmaga, türkmen çig malynyň daşary ýurda iberilýän mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer. Şunda iň ýakyn goňşularymyz Özbegistana we Täjigistana türkmen gazyny eksport etmek esasy wezipeleriň biri bolar.
Şu ýerde türkmen tebigy baýlyklarynyň diňe bir nesilleriň abadançylygyny üpjün etmäge däl-de, energiýa serişdelerini halkara bazarlara ýeterlik derejede eksport etmek arkaly, daş-töwerekdäki sebitleriň energetik abadançylygyna ýardam etmäge-de ukyplydygyny görkezmek mümkin. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ýyllaryň dowamynda Özbegistanyň we Gazagystanyň çäginden geçýän «Türkmenistan — Hytaý» magistral gaz geçirijisi arkaly Hytaýa türkmen gazyny iberýär. Geljekde agzalan geçirijiniň mümkinçiligini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistan taslamanyň 4-nji «D» ugruny gurmagy we onuň Täjigistanyň çäginden geçirilmegini meýilleşdirýär. Bu işleri durmuşa geçirmek üçin Täjigistanda eýýäm ähli zerur infrastruktura döredilýär. Taslama Täjigistanyň ykdysadyýetine uly möçberde maýa goýumynyň çekilmegine mümkinçilik döreder.
Gaz geçirijiniň täze ugrunyň gurlup ulanmaga berilmegi bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur etrabynyň günorta we merkezi böleklerine ýylda 30 milliard kub metr türkmen tebigy gazynyň iberilmegi göz öňünde tutulýar. Taslamanyň umumy uzynlygy 1 müň kilometr töweregi bolup, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çäginden geçer.
Umuman aýdylanda, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn sammiti, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy ýaly syýasy hyzmatdaşlygyň möhüm we netijeli bölegi bolmak bilen, döwletara gatnaşyklary we tutuş sebitiň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berer.
Şiri ŞIRIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň başlygy.
Çeşme şu ýerden alnan:
Türkmenistan gazeti 08.10.2023