Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
        • Halkara epidemiýa garşy taýýarlyk güni: ählumumy howpsuzlygyň kepili
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK
    TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK
    TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK
    TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK
    TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK
    27/09/2025

    415

    TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK

    Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we özara ähmiýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, dürli derejedäki duşuşyklar, gepleşikler we resmi saparlar yzygiderli geçirilýär.

    Syýasy-diplomatik gatnaşyklar bilen bir hatarda, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika, oba hojalygy, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Sebitara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky serhetýaka gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy aýratyn ähmiýetlidir.

    2025-nji ýylyň 6-njy okýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň Bojnurd şäherinde maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan milli maslahat geçirildi. Bu maslahata Eýran Yslam Respublikasynyň wise-Prezidenti jenap Jafar Gaempanah, Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi jenap Bahman Nuri, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Eýran Mejlisiniň agzalary hem-de beýleki resmi wekiller gatnaşdylar.

    Geçirilen maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ylýas Gaýypow bilen Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi jenap Bahman Nuri duşuşdy. Duşuşykda taraplar sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we Türkmenistanyň hem-de Eýranyň arasyndaky ýokary derejeli saparlaryň möhüm ähmiýetini nygtadylar.

    Şeýle hem, ilçi öz çykyşynda şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şygaryna bagyşlanyp geçiriljek halkara forumyň mazmuny we ähmiýetini aýratyn belledi. Munuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň giň gerimli we strategik häsiýete eýe bolmagy, olaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berk binýadynyň bardygyny görkezýär.


    Arslan SYÝAHATOW,

    Tükmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    16/01/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY surady

    14/01/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri surady

    08/01/2026

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI