02/04/2024
1939
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «ÄNEW — MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň aprel aýynyň 2-sine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň bu eseri gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanýar. TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilen bu çözgüt Watanymyzyň belent halkara abraýa eýediginiň, türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan uly goşandynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň güwäsidir.
Tanyşdyrylyş dabarasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Daşary işler ministri R.Meredow , ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rüstemowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy A.Baltaýew, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory M.Çaryýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň hünärmeni R.Jommyýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy A.Baýmuradowa dagylar çykyş etdiler.
Çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ajaýyp eseriniň halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny öwrenmekde, giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, mazmunynyň maglumatlara baýdygy, olaryň çeper we düşnükli dilde beýan edilýändigi bellenildi. Bu kitabyň neşir edilmegi Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda watandaşlarymyz üçin ajaýyp sowgat boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu kitabyň ýazylmagyna dünýä belli arheologlar, taryhçylar we olaryň nesilleri bilen bilelikde işleşmek bagty miýesser eden Gahryman Arkadagymyzyň beren gürrüňleri uly ýardam berdi. Olar ýurdumyzda ylmy gözlegleri, arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirip, köp sanly wajyp tapyndylary ýüze çykardylar we dünýä derejeli möhüm açyşlary etdiler. Bu giň gerimli işlere Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýä tanadan Rafael Pampelli, şeýle hem Wadim Masson, Wiktor Sarianidi we beýleki tanymal alymlar mynasyp goşantlaryny goşdular. Hormatly Prezidentimiz kitabynda: «Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň» diýip belleýär. Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekýär.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täze edebi eseriniň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, täze bilimleri öwrenmäge höweslendirmekde, ildeşlerimizi zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmakda gymmatly gollanma boljakdygyny belläp, baý milli mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi hem-de geljek nesillere ýetirilmegi babatda edýän taýsyz tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Leýli ARAPOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.
Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz: