07/07/2024
2398
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ DEPUTATLYGYNA SAÝLAWLAR GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda paýtagtymyzda hereket edýän beýleki okruglar bilen bir hatarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugynda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirildi. Oňa merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik işe 18 ýaşy dolan, ilkinji gezek saýlawlara gatnaşýan saýlawçylara hem sowgatlar gowşuryldy. Saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, açyklyk, aýanlyk we giň bäsleşik esasynda geçirildi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugy boýunça üç sany dalaşgär hasaba alyndy. Dalaşgärler Türkmenistanyň Agrar partiýasy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy we raýatlar topary tarapyndan hödürlendiler. Dalaşgärler habar beriş serişdeleri we geçirilen duşuşyklar arkaly öz maksatlary bilen saýlawçylary tanyşdyrdylar.
Biz hem mynasyp dalaşgäre ses berip, saýlawlara işjeň gatnaşyp, ata Watanymyzyň öňündäki mukaddes borjumyzy ýerine ýetirdik.
Dawut PÜRNAZAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler
01/05/2026
YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
30/04/2026
SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
29/04/2026
ÝAŞ ŽURNALISTLER ÜÇIN OKUW SAPAGY GURALDY