Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISINIŇ ÄHMIÝETINE BAGYŞLANAN MASLAHAT
    TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISINIŇ ÄHMIÝETINE BAGYŞLANAN MASLAHAT
    TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISINIŇ ÄHMIÝETINE BAGYŞLANAN MASLAHAT
    TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISINIŇ ÄHMIÝETINE BAGYŞLANAN MASLAHAT
    TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISINIŇ ÄHMIÝETINE BAGYŞLANAN MASLAHAT
    TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISINIŇ ÄHMIÝETINE BAGYŞLANAN MASLAHAT
    TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISINIŇ ÄHMIÝETINE BAGYŞLANAN MASLAHAT
    TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISINIŇ ÄHMIÝETINE BAGYŞLANAN MASLAHAT
    TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISINIŇ ÄHMIÝETINE BAGYŞLANAN MASLAHAT
    04/10/2023

    1654

    TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISINIŇ ÄHMIÝETINE BAGYŞLANAN MASLAHAT

    2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlanan «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap» atly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar.
    Maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary tarapyndan taýýarlanan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary biz!» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Ç. Rustemowanyň, Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýewiň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýewiň, institutyň okuw işleri boýunça prorektory G.Ýusupowanyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor A.Burynowyň, Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy A.Gurbannazarowyň çykyşlary diňlenildi. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynyň ähmiýetine uly orun berildi.
    Çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde halk bilen geňeşmegiň — Halk Maslahatlaryny yzygiderli geçirmegiň indi däbe öwrülendigini bellediler. Şeýle-de maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde daşary syýasat bilen bagly öňe sürlen başlangyçlara üns berlip, olaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly çykyşlar giňden ýaýbaňlandyryldy. Çykyş edenler güneşli Diýarymyzy bagtyýar nesilleriň arzuwdyr islegleriniň hasyl bolýan mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
    Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetine bagyşlanan maslahatda edilen çykyşlardan soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň çeper-höwesjeňleriniň ýerine ýetirmeginde “Arkadagly Gahryman Serdar bilen” diýen aýdym ýerine ýetirildi.
    Maslahatyň ahyrynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap» atly maslahata gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň hormatly Prezidentine Ýüzlenme kabul edildi.

    Aýgözel AŞIROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň öwreniji-mugallymy.

    Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:
    https://salamnews.tm/section/jemgyyet/others/turkmenistanyn-halk-maslahatynyn-mejlisine-bagyslanan-eb7569
    https://turkmenistaninfo.gov.tm/news/2107
    https://orient.tm/tm/post/61518/halk-maslahatynyn-mejlisinin-netijeleri-we-geljege-gonukdirilen-wezipeler-turkmenistanyn-dim-nin-hgi-de-gecirilen-forum

    Soňky täzelikler

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI