68
Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilen kararlaryň ähmiýetine bagyşlanan söhbetdeşlik sapagy
2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň guramagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilen kararlaryň ähmiýeti” atly söhbetdeşlik sapagy geçirildi. Oňa institutyň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Sapagy Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Güljahan Amanberdiýewa alyp bardy.
Söhbetdeşlik sapagynyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzyň Garaşsyzlyk döwründe amala aşyrylýan syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleriň ähmiýeti, halkyň ykdysady hem-de ruhy galkynyşynda Halk Maslahatynyň orny barada giňişleýin gürrüň edildi.
Täsirli geçen söhbetdeşlik sapagynda, oňa gatnaşyjylar Halk Maslahatynda öňe sürlen başlangyçlaryň ýurdumyzyň parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk ýolunda täze sepgitlere ýetmegine uly itergi berjekdigini bellediler.
Yhlas AGÖÝLIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler

17/10/2025
"MODEL UNESCO − 2025" bäsleşigi geçirildi
17/10/2025
SANLY ULGAM ARKALY WEBINAR GEÇIRILDI