Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • TÜRKMEN-FRANSUZ GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMÄGE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • BEÝIK BRITANIÝALY DIPLOMAT BILEN DUŞUŞYK
        • AWSTRIÝANYŇ ÝEWROPA WE HOWPSUZLYK SYÝASATY INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ VI SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy
    «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy
    «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy
    «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy
    «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy
    «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy
    «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy
    «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy
    15/09/2025

    1223

    «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy

    2025-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem gatnaşdylar.

    Açylyş dabarasynda bagtyýar çagalaryň şowhunly görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Çagalar döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň mazmunyny artdyrdy. Gurjak artistleriniň sahna görnüşleri tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Çagalaryň söýgüli dosty Aşyr dädäniň hem bu dabara gatnaşmagy bagtyýar nesillere ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady. Dabaranyň ahyrynda çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Şowhunly sazlaryň astynda görkezilen lazerli çykyşlar bolsa täze seýilgähiň, şeýle hem Aşgabadyň agşamky keşbine has-da öwüşgin çaýdy. Şäheriň tämiz gijesi bilen sazlaşan owadan görnüşler bir salym jadylaýjy dünýä syýahata aýlady.

    Bu döwrebap seýilgäh özüniň binagärlik çözgüdi bilen paýtagtymyzyň durmuş maksatly desgalary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Ol halkymyza mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli ajaýyp toý sowgat boldy. Döwrebaplaşdyrylan seýilgähiň açylyp ulanylmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

    Täze seýilgähde ýaş nesilleriň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir. Bu ýerde ýörite meýdançalar, güller we dürli baglar seýilgähiň ajaýyp keşbini emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, bu seýilgähiň talyp ýaşlaryň hem iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüljekdigini ynam bilen aýdyp bileris. Sebäbi bu ýerdäki welosiped ýodalary, dynç alyş bassyrmalary, yşyklandyryş sütünleri ähli ýaşdaky raýatlaryň medeniýetli dynç almaklaryny üpjün eder.


    Atamyrat ÝAZWELIÝEW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    ONLAÝN SEMINAR GEÇIRILDI surady

    17/03/2026

    ONLAÝN SEMINAR GEÇIRILDI
    OKSFORD INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY surady

    14/03/2026

    OKSFORD INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
    Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji  sebitleýin okuw maslahatynyň ýapylyş dabarasy surady

    13/03/2026

    Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji sebitleýin okuw maslahatynyň ýapylyş dabarasy
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI