22/10/2026
307
TÜRKMENISTANYŇ EKOLOGIÝA DIPLOMATIÝASYNA BAGYŞLANAN OKUW-USULY SEMINAR GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, okuw-usuly seminar geçirildi. Seminara ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdylar.
Okuw-usuly seminarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban Ezimowa «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň oňyn tejribesi» atly tema boýunça çykyş etdi. Maslahatda mugallym öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlary barada belledi. Çykyşda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ekologiýa taýdan arassa, «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylýandygy, alnan halkara borçnamalara laýyklykda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça amala aşyrylýan taslamalar barada nygtaldy.
Seminarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahraman Serdarymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, şäherleri ekologiýa taýdan arassa we durnukly binagärlik ýörelgeleri esasynda ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary barada giňişleýin gürrüň edilip, talyplaryň we mugallymlaryň arasynda gyzykly sorag-jogap alyşmalar işjeň alnyp baryldy.
Sahydöwlet HÜMMETJUMAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler