23/09/2026
71
«TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY: PARAHATÇYLYKLY ÖSÜŞIŇ WE DURNUKLYLYGYŇ BINÝADY» ATLY OKUW-USULY SEMINAR GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherinde geçiren umumy okuw sapagyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, hususan-da ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň many-mazmunyny düşündirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda okuw-usuly seminar geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary we orta okuw mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar.
Geçirilen bu okuw-usuly seminary institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Rahym Akmyradow alyp bardy. Onuň dowamynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara gatnaşyklaryndaky ähmiýeti, parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli daşary syýasatyň ýörelgeleri barada durlup geçildi. Şeýle hem häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda diplomatiýanyň orny, döwletleriň arasynda dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde diplomatlaryň alyp barýan işleri barada gyzykly maglumatlar beýan edildi. Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygy, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň barha ýokarlanýandygy barada aýratyn bellenildi.
Okuw-usuly seminaryň ahyrynda talyp ýaşlar we orta okuw mekdepleriň okuwçylary özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler.
Arzuw MELÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby