505
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnasyklary institutynyň mugallymlary Russiýanyň hünär kämilleşdiriş okuwyna diňleýji bolup gatnaşdylar
2020-nji ýylyň 16-njy dekabryndan 29-njy dekabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnasyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymlary Gülälek Çopanowa, Tylla Babaýewa we Altyn Hydyrowa “Rus dilini daşary ýurt dili hökmünde okatmagyň ugurlary” atly tema boýunça ýörite hünär kämilleşdiriş meýilnamasy boýunça onlaýn görnüşinde guralan iki hepdelik okuw kursunyň diňleýjileri bolup gatnaşdylar. Bu okuw sapaklary Türkmenistanyň we Ermenistanyň pedagoglaryny bir ýere ýygnamak bilen, olaryň tejribe alyşmaklaryna mümkinçilik berdi. Hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary Russiýa Federasiýasynyň Magaryf Ministrliginiň goldamagy bilen “Sosiologiýa we analitika” Bilermenler merkezi tarapyndan gurnaldy. Onuň esasy diňleýjileri bolup, rus dilini daşary ýurt dili hökmünde okadýan pedagoglar gatnaşdylar.
Okuw sapaklarynyň meýilnamasynyň şerti boýunça institutyň mugallymlary amaly ýumuşlary, özbaşdak işleriň görnüşlerini üstünlikli ýerine ýetirdiler, aralyk we jemleýji jemlemelerden (attestasiýalardan) geçip, hünär kämilleşdiriş boýunça ýörite esaslandyrylan şahadatnama mynasyp boldular.
Uzak aralykdan sanly ulgam arkaly gurnalan bu okuw sapaklary mugallymlara okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmeklige, bilim ulgamyny sanlylaşdyrmaklyga, okatmagyň hilini ýokarlandyrmaklyga we berlen bilimi barlamaga ýardam bermeklige niýetlenendir.
Okuwy gurnaýjylaryň pikirine görä, rus dilini okatmagy kämilleşdirilmegiň, ony bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylmagynyň geljekde ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemekde oňyn netijeleri berer hem-de gatnaşyjy-döwletler üçin bu başlangyç dünýäniň maglumat giňişligine işjeň aralaşmagyna ýärdam berer.
Uzak aralykdan sanly bilim ulgamy arkaly gurnalan bu okuw sapaklary 72 sagatdan ybarat bolup, ol okatmagyň usulyýetini we tehnologiýalaryny, täze lingwodidaktiki usulyýetlerini, uzak aralykdan okatmagyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny özleşdirmeklige gönükdirildi. Okuw sapaklarynyň dowamynda diňleýjiler hünäre gönükdirilen nazary bilimleri öwrendiler, şeýle-de amaly ýumuşlary ýerine ýetirdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklap beren “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň” hem-de “Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň” Konsepsiýalaryny amala aşyrmagyň hyzmatdaşlyk baradaky degişli döwletara ylalaşyklaryň çäklerinde türkmen hünärmenleri üçin gurnalýan şular ýaly okuw sapaklary bilen sazlaşykly utgaşdyrylýandygyny bellemek gerek.
Tatýana DÖWLETOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnasyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň rus dili mugallymy