98
“TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 79-NJY SESSIÝASYNA GATNAŞMAGY WE ONDA ÖŇE SÜRÜLEN TEKLIPLER MYNASYBETLI” ATLY YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY
2025-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Ýaş diplomatlar” ylmy gurnagynyň gurnamagynda “Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna gatnaşmagy we onda öňe sürülen teklipler mynasybetli” atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Bu ylmy-döredijilik maslahatyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Ylmy-döredijilik maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Aýgözel Baýramowa, Türkmenistanyň Magtytmguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň başlygy Bezirgen Orazmämmedow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary kafedrasynyň müdiri Arslan Çaryýew hem-de institutymyzyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Sahydöwlet Hümmetjumaýew çykyş etdiler.
“Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna gatnaşmagy we onda öňe sürülen teklipler mynasybetli” atly ylmy-döredijilik maslahatynda çykyş edenler Türkmenistanyň durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk syýasaty we onuň durnukly ösüşe ýetmekdäki ähmiýeti barada bellediler. Ylmy-döredijilik maslahatda edilen çykyşlar oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Guwanç ALIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.