535
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda täsirli duşuşyk
2021-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mejlisler zalynda talyplaryň gyşky dynç alyş möwsümini guramaçylykly we täsirli geçirmek maksady bilen paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga institutyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Duşuşugyň dowamynda teatryň artistleri ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamynda ýeten sepgitleri barada täsirli gürrüň berdiler. Teatryň artisti Jennet Paltaýewanyň hormatly Prezidentimiziň “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” kitabyndan okan monologyň, “Ene” hakyndaky goşgynyň we Baýram Rahymowyň “Türkmenistan” atly aýdymy ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegi bolsa, duşuşyga gatnaşyjylarda uly täsirleri galdyrdy.
Şeýle-de teatryň artistleriniň ýerine ýetiren degişme sahna oýunlary bolsa, dynç alyşdaky talyplara ruhy lezzet berdi. Duşuşygyň ahyrynda, oňa gatnaşanlar şular ýaly döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýgül Mätiýewa
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby