Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Türkmenistan - ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy
    Türkmenistan - ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy surady
    30/11/-0001

    1118

    Türkmenistan - ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sport ussatlygynyň hili has hem kämilleşdirilýär. Muny türkmen türgenleriniň dürli derejedäki halkara ýaryşlaryndaky gazanan üstünlikleri hem tassyklaýar. Bularyň hemmesi dünýäde Türkmenistanyň sport ulgamyndaky abraýyny has hem ýokarlandyrýar we berkidýär. Sporty giňden ösdürmekde we häzirki zaman türkmen jemgyýetinde zyýanly endikleriň öňüni almakda wajyp orun eýeleýän sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şonuň bilen bir hatarda ýurdumyzda diňe bir ýaşlar babatynda däl eýsem uly ýaşlylaryň sagdyn ýaşamagy ugrunda hem birnäçe aladalar edilýär. Hut şonuň üçin köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek Türkmenistan döwletimizde durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu ugurda eýýäm däbe öwrülen "Türkmenistan - ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy" şygary bilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilýän sport ýaryşlary eýýam birnäçe ýyl bäri gyzgylaňly geçirilip gelinýär.
    2023-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça zenan mugallymlaryň arasyndaky ýaryşlaryň final oýunlary geçirildi. Bu geçirilen ýaryş çekeleşikli häsiýete eýe bolup, oýnuň dowamynda 3-nji ýeri eýelemek ugrundaky oýunda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyp ýaşlary we professor-mugallymlary ýaryşdylar. Onda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bu oýunda ýeňiş gazanyp, 3-nji ýere mynasyp boldy.
    Ýaryşyň final oýny örän gyzykly we çekeleşikli häsiýetliligi bilen tapawutlandy. Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport instituty hem-de Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň arasynda bolan oýunda iki tarapyň zenan mugallymlaryndan düzülen toparlary örän taýýarlykly gelip, diýseň täsirli oýun görkezdiler. Netijede, Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary ýaryşyň ýeňijisi boldy. Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport instituty bolsa ikinji ýeri eýelemegi başardy.

    Oguljahan JOBBOROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI