Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ZIMBABWE RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
        • OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
        • Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň diplomatlary bilen jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça okuw sapagy geçirildi
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Новый формат общения экспертов ЦА региона и Азербайджана
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ V SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / “TÜRKMENISTAN – ÖZBEGISTAN: STRATEGIK HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI” ATLY “TEGELEK STOL” FORMATYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
    “TÜRKMENISTAN – ÖZBEGISTAN: STRATEGIK HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI” ATLY “TEGELEK STOL” FORMATYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    09/10/2025

    1097

    “TÜRKMENISTAN – ÖZBEGISTAN: STRATEGIK HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI” ATLY “TEGELEK STOL” FORMATYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Merkezi Aziýada ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem durnukly ösüşiň bähbidine goňşy döwletleriň ählisi bilen özara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Döwletimiziň özara bähbitli gatnaşyklarynyň köptaraplylygy bilen tapawutlanýan strategik hyzmatdaşlarynyň biri-de Özbegistan Respublikasydyr. Iki döwletiň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk ýyl-ýyldan has-da pugtalanýar. Muňa mysal hökmünde 2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistan – Özbegistan: strategik hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri” atly “tegelek stol” formatynda geçirilen duşuşygy bellemek bolar. Oňa Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziň bilermenleri, Özegistan Respublikasyndaky Halkara Merkezi Aziýa institutynyň wekilleri hem-de institutymyzyň bu ugurda iş alyp barýan professor-mugallymlary gatnaşdylar.

    Duşuşygy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň uly ylmy işgäri Bekdurdy Amansaryýew alyp bardy. Oňa özbek tarapyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Daşary syýasy meseleler boýunça maslahatçysynyň orunbasary, Halkara Merkezi Aziýa institutynyň direktory Žawlon Wahabow, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alymow, Halkara Merkezi Aziýa institutynyň bölüm başlygy Daniýar Kurbanow, Halkara Merkezi Aziýa institutynyň ylmy işgäri Sultanbek Satmuratow, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň hünärmeni Jasur Aşurow, türkmen tarapyndan bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň başlygy Şiri Şiriýew, şeýle hem bu merkeziň ylmy işgärleri Allaberdi Niýazow, Orazmuhammet Annabaýew, Türkmenistanyň ulag-logistika merkeziniň demir ýol gatnawlar merkeziniň başlygy Wepa Ýagşyýew, “At abraý” hojalyk jemgyýetiniň başlygy Serdarmyrat Geldiýew dagylar gatnaşdy. Duşuşyga köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hem gatnaşmagy oňa aýratyn öwüşgin berdi.

    Onuň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sebitara we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde meýilleşdirilýän çäreler barada pikir alyşdylar. Sebit we halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çägindäki hyzmatdaşlygyň orny barada bellenildi. Şeýle-de duşuşyga gatnaşanlar medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň esasy ugurlary hakynda durup geçdiler.

    “Tegelek stol” duşuşygy tamamlandan soň Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Daşary syýasy meseleler boýunça maslahatçysynyň orunbasary, Merkezi Aziýa halkara institutynyň direktory Žawlon Wahabowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Myhman soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny aýratyn nygtady. Duşuşyga gatnaşanlar öňde goýlan maksatlara ýetiljekdine ýenede-bir gezek uly ynam bildirdiler.

    Sahydöwlet HÜMMETJUMAÝEW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.

    Şeýle hem şu ýerden okap bilersiňiz:

    https://turkmenistan.gov.tm/ru/post/99464/turkmenistan-uzbekistan-novye-gorizonty-sotrudnichestva 

    https://orient.tm/ru/post/91348/ashgabat-tashkent-dialog-analityka

    Soňky täzelikler

    «TALYP GÖZELI – 2026» BÄSLEŞIGINIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI surady

    26/02/2026

    «TALYP GÖZELI – 2026» BÄSLEŞIGINIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI
    “Türkmenistan we Ýaponiýa: Dünýä medeniýetiniň bitewiligi we aýratynlygy” atly okuw sapagy geçirildi surady

    24/02/2026

    “Türkmenistan we Ýaponiýa: Dünýä medeniýetiniň bitewiligi we aýratynlygy” atly okuw sapagy geçirildi
    Talybymyzyň sport üstünligi surady

    23/02/2026

    Talybymyzyň sport üstünligi
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI