Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • TÜRKMEN MILLI LYBASLARYNYŇ GÖRKEZILIŞ DABARASY GEÇIRILDI
        • «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde okuw sapagy geçirildi
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Энергия, климат и транспорт: подход Туркменистана к приоритетам регионального развития
        • Дигитализация и AI как драйвер ускорения на треке Центральная Азия – Республика Корея
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
        • “Kiberhowpsuzlyk boýunça strategiýalar” atly sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Türkmenistan – Awstriýa: hyzmatdaşlygyň täze tapgyrlaryna tarap badalga
    Türkmenistan – Awstriýa: hyzmatdaşlygyň täze tapgyrlaryna tarap badalga
    Türkmenistan – Awstriýa: hyzmatdaşlygyň täze tapgyrlaryna tarap badalga
    Türkmenistan – Awstriýa: hyzmatdaşlygyň täze tapgyrlaryna tarap badalga
    12/03/2024

    2479

    Türkmenistan – Awstriýa: hyzmatdaşlygyň täze tapgyrlaryna tarap badalga

    2024-nji ýylyň 12-nji martynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti bilen Wenanyň Diplomatik Akademiýasynyň direktory Emil Briksiň arasynda duşuşyk geçirildi.
    Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň öz oňyn, bitarap syýasaty bilen halkara gatnaşyklarynda işjeň orny eýeleýändigi bellenildi. Şeýle-de taraplar suw diplomatiýasy we howanyň üýtgemegi ýaly meseleleri boýunça pikir alşyp, dünýäniň häzirki zaman tendensiýalarynda Türkmenistanyň başlangyçlary barada gürrüň etdiler.
    Türkmen tarapy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Wena Diplomatik Akademiýasynyň arasyndaky ileri tutulýan hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny kesgitleýji we ony işjeňleşdirmäge gönükdirilen birnäçe teklipleri hödürledi. Hususan-da, halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, geosyýasat we ykdysady gatnaşyklar ýaly ugurlar boýunça aktual dersleri okatmagyň hilini gowulandyrmak; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň çäginde energetika diplomatiýasy, suw diplomatiýasy, sanly diplomatiýa we öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Wenanyň Diplomatik Akademiýasynyň tejribeli professor-mugallymlary tarapyndan wideoşekilli okuwlary gurnamak ýaly teklipler agzaldy. Mundan başga-da, ýaş diplomatlaryň alyş-çalşygy, mugallymlaryň we talyplaryň tejribelik okuwlary, degişli bilelikdäki kurslary we seminarlary guramak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
    Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna Wenanyň Diplomatik Akademiýasynyň Diplomatik okuw boýunça Halkara forumyna goşulmagy barada şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu Halkara forum dünýäniň nusgawy diplomatiýasynda gazanylan tejribeler, diplomatiýa ylmynda öňde duran wezipeler we özara hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikler ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýan platforma bolup hyzmat edýär. Öz dörän wagtyndan bäri 56 döwletiň iň öňdebaryjy halkaraçy hünärmenleri taýynlaýan ýokary okuw jaýlary onuň agzalygyna goşuldylar. Şunuň bilen baglylykda, Wenanyň Diplomatik Akademiýasynyň direktory Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektoryny 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda Çernogoriýada geçiriljek indiki nobatdaky 50-nji Halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.
    Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, şeýle-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow boldular.

    Gülruh GELDIÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.

    https://turkmenportal.com/tm/blog/75347/turkmenistanyn-wekiliyetinin-awstriya-bolan-saparynyn-chaginde-uch-sany-halkara-resminama-gol-chekildi

    Soňky täzelikler

    Ylmy – amaly maslahat geçirildi surady

    23/06/2025

    Ylmy – amaly maslahat geçirildi
    ABŞ-NYŇ KENT DÖWLET UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK surady

    18/06/2025

    ABŞ-NYŇ KENT DÖWLET UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK
    Ýoluňyz ak bolsun, mähriban uçurymlar! surady

    16/06/2025

    Ýoluňyz ak bolsun, mähriban uçurymlar!
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI