545
Türkmen – ýapon gatnaşyklaryna bagyşlanan onlaýn sapagy
2021-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady we senagat önümçiligi pudaklarynda hyzmatdaşlyk“ atly tema bagyşlanyp wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly onlaýn okuw sapagy geçirildi. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň geçirýän toplumlaýyn onlaýn sapaklarynyň çäginde guralan bu okuwa Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämmet Elýasow we institutyň talyplary gatnaşdylar.
Okuw sapagy Halkara gatnaşyklary instututynyň talyplarynyň diplomatiýa bilen bagly bilim derejelerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen geçirildi.
Okuw sapagynda çykyş eden hormatly ilçi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady we senagat önümçiligi pudaklary boýunça alnyp barylýan işjeň, özara bähbitli hyzmatdaşlyk dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi.
Sapagyň ahyrynda talyplar ilçä Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gönükdirilen sowallary berdiler we bu ugurda özara pikir alyşdylar.
Jemal REMATULLAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.