29/02/2024
992
Türkmen wekiliýeti bilen Katar Uniwersitetiniň arasynda geçirilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar döwletine iş saparynyň çäklerinde Katar uniwersitetiniň rektory Omar Al Ansary bilen duşuşdylar.
Taraplar duşuşygyň çäginde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp masahatlaşdylar. Katar tarapy özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýyndygyny mälim edip, bu babatda möhüm ugurlary kesgitlemegi teklip etdi. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty öz gezegine özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyny katar tarapyna hödürledi. Şeýle hem, Katar uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy netijeli alyp barmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty utgaşdyryjy hökmünde kesgitlendi. Şeýle-hem, türkmen wekiliýeti katar-şweýsar halkara orta mekdebiniň we katar-fransuz mekdebiniň tejribeleri bilen ýakyndan tanyşdyryldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynda ylym-bilim ulgamynda gazanylýan ylalaşyklar, ýola goýulýan hyzmatdaşlyklar häzirki taryhy eýýamda hil taýdan täze derejelere çykýar. 2024-nji ýylyň 25-28-nji fewraly aralygynda türkmen wekiliýetiniň Katar döwletine amala aşyran iş sapary hem ylym-bilim ulgamynda türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryna badalga berer.
Gülruh GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler minisrtliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.