Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
        • Halkara epidemiýa garşy taýýarlyk güni: ählumumy howpsuzlygyň kepili
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / Türkmen talyplary Migrasiýa boýunça halkara guramasy tarapyndan gurnalan okuw sapagyna gatnaşdylar
    Türkmen talyplary Migrasiýa boýunça halkara guramasy tarapyndan gurnalan okuw sapagyna gatnaşdylar surady
    11/06/2024

    1759

    Türkmen talyplary Migrasiýa boýunça halkara guramasy tarapyndan gurnalan okuw sapagyna gatnaşdylar

    Ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary migrasiýa boýunça halkara gurama tarapyndan ýola goýlan maslahatda häzirki döwürde bilim migrasiýasynyň ähmiýetini we onuň ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine täsirini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetiniň web sahypasy habar berdi.
    Maslahata Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar bileleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem gatnaşdy.
    HMG-niň halkara geňeşçisi maslahata gatnaşanlara bilim migrasiýasynyň özeni, sebäpleri we hereketlendiriji güýçleri barada dürli ýurtlaryň bilim ulgamlarynyň sazlaşyklylygy, bilim migrasiýasynyň dinamikasy we ugurlary, daşary ýurtly ökde talyplary çekmek we saklamak, talyp hereketliligini we halkara hyzmatdaşlygy ösdürýän iň oňat halkara tejribeleri boýunça milli syýasatlar barada gürrüň berdi.
    Toparlaýyn çekişmeleriň dowamynda talyp ýaşlar, döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ýeke-täk bilim giňişligine, bilim baradaky diplomlaryň ykrar edilmegine, resmi däl we resmi okuwlar çäginde alnan başarnykdyr endikleriň tassyklanmagyna, bilim alyşmak we «bilimiň gaýyp bolmagyndan» goramak çäreleri bilen baglanyşykly mowzuklary ara alyp maslahatlaşdylar.
    Toparlarda geçirilen iş netijesinde talyplar birnäçe innowasion teklibi, şol sanda iş beriji tarapyndan maliýeleşdirilýän bilim migrasiýasynyň (muňa hünär bilimi we okuw, gyzyklanýan kompaniýalar üçin salgyt ýeňilligi arkaly hususy pudagy hökümet talyp tölegi maksatnamalaryny maliýeleşdirmäge höweslendirmek ýaly çäreler-de girýär) kömegi bilen zähmet bazaryndaky islegdir teklibi ylalaşdyrmak boýunça teklipleri-de öňe sürdüler.
    Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bilim migrasiýasynyň durmuş we ykdysady özgerişleri tizleşdirmek hökmünde zehinleri çekmek, bilim paýlaşmagy höweslendirmek we ykdysadyýeti dürlüleşdirmek üçin döredýän köp sanly mümkinçiliklerini bellediler.
    Bellenilişi ýaly, adamlar migrasiýa we bilim saýasynda öz sowadyny, başarnyklaryny we ygtyýarlylygyny ösdürip, şeýle hem gitmäge niýetlän ýurtlarynyň durmuş-ykdysady ösüşine goşant goşup bilerler.

    HHM
    Çeşme:
    Türkmen talyplary Migrasiýa boýunça halkara gurama (turkmenistaninfo.gov.tm)

    Soňky täzelikler

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    16/01/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY surady

    14/01/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri surady

    08/01/2026

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI